Tramp Eýranyň “ýakyn wagtda” gepleşmek islejekdigini aýdýar
“Men Eýranyň ýakyn wagtda gepleşik geçirmek islejekdigine ynanýaryn” diýip, Tramp 15-nji maýda Twitter hasabynda ýazgy galdyrdy.
Mundan öň, ýagny 9-njy maýda Tramp Eýrana garşy harby operasiýa mümkinçiligini hem aradan aýyrmaýandygyny aýdypdy.
Emma, ol: “Men olaryň maňa jaň etmegini isleýärin” diýip, hem sözüne goşupdy.
Eýranyň liderleri bolsa, Waşington bilen hiç hili gepleşikleriň geçirilmejekdigini aýdyp jogap berdiler.
Geçen ýyl Tramp ABŞ-ny 2015-nji ýylda dünýäniň iri döwletleri bilen Eýranyň arasynda baglaşylan Ýadro ylalaşygyndan çykaranyndan soň, Waşington bilen Tähranyň arasyndaky gatnaşyklar has-da ýitileşip başlapdy.
