Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Май
2019

Aşgabadyň zähmet biržasy işsizleri hasaba almakdan ýüz öwürýär

0
Türkmenistanyň Sosial üpjünçilik ministrliginiň ýanyndaky Aşgabat şäheri boýunça zähmet biržasynyň işgärleri işe ýerleşmekde ýardam sorap barýan raýatlary hasaba almakdan ýüz öwürýärler. Bu barada habar berýän Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçy 14-nji maýda paýtagtyň zähmet biržasyna baryp, ýagdaýy öwrendi.




"Şu gün Sosial üpjünçilik ministrliginiň ýanyndaky Aşgabat şäheri boýunça zähmet biržasyna baryp, hasaba durmaga synanyşdym. Edaranyň işgäri koridoryň diwarynda asylan wezipe sanawyny görmäge ugradýar. Örän kiçi harplar bilen ýazylan sanawyň golaýyna baryp bolmaýar, öňünde uly stol ýerleşdirilipdir. Adamlar zordan okap, özlerine degişli iş tapman, ýene-de yzyna dolanýarlar. Soň işgär indiki aýda gelmegi maslahat berip, sanawyň täzelenjegini aýdýar. Emma adamlary hasaba almagy islemeýär" diýip, habarçymyz gürrüň berýär. 


Onuň sözlerine görä, birža iş gözläp baranlaryň käbiri tutanýerlilik görkezýärler, emma bu netije bermeýär. Biržanyň işgärleri işsizleri resmi hasaba almakdan ýüz öwürýärler.   




"Adamlaryň biri özüniň hasaba alynmagyny talap edip, tutanýerlilik görkezdi, emma zenan işgär munuň hiç zat bermejegini aýdyp, bary-bir hiç hili kömegiň berilmejegini mälim etdi. Ýogsa-da, işsizlik boýunça pul kömegi göz öňünde tutulmaly. Işgär adamlary bilip hasaba almaýar we özüne görkezme berlendigini aýdýar" diýip, zähmet biržasyna baryp gaýdan Aşgabatdaky habarçymyz belleýär.


Azatlyk Radiosyna Aşgabat şäheri boýunça biržanyň ýolbaşçylary bilen gepleşmek we bu edaranyň işgärleriniň işsizleri hasaba almakdan ýüz öwürmeginiň sebäbini anyklamak başartmady. 







Şol bir wagtyň özünde-de, zähmet biržasynda diňe bir işe ýerleşmekde ýardam sorap baran raýatlara däl-de, eýsem gijikdirilen zähmet hakyny alyp bilmän kömek sorap barýan adamlara-da duş gelmek mümkin.


"Men şol ýerde ýedi aý üçin aýlygyny alyp bilmedik 35 ýaşlaryndaky bir zenana duş geldim. Ol prokuratura arza ýazypdyr, emma şol ýerde ony zähmet biržasyna ugradypdyrlar" diýip Azatlygyň habarçysy aýdýar. 


Türkmenistanyň kanunlary raýatlaryň işe ýerleşmegine ýardam berilmegini göz öňünde tutýar, şeýle-de işsizlik boýunça maddy kömek berilmegini kepil geçýär.    


Türkmenistanyň ilatyň iş bilen üpjünçiligi hakyndaky kanunynyň 34 maddasynda işsizlik boýunça kömek pulunyň möçberi barada şeýle diýilýär:   


1. Işi we aýlygy bolmadyk şahslar üçin pul kömegi döwletiň kömek pullarynyň mukdaryny kesgitlemekde Türkmenistanyň kanuny tarapyndan esas hökmünde göz öňünde tutulan möçbere laýyklykda prosent görnüşinde kesgitlenýär. Işsizlik boýunça pul kömeginiň möçberi we beriljek wagty ygtyýarly edaranyň tassyklan tertibine laýyklykda kesgitlenýär.


2. Işsizlik boýunça kömek pulunyň möçberi Türkmenistanyň prezidentiniň kararlaryna görä köpeldilýär. 


Türkmenistanda ortaça aýlygyň mukdary resmi kurs boýunça $228 dollara barabar. 


Türkmenistanyň hökümeti ýurtda işsizligiň derejesi barada resmi statistikany köpçülige ýetirmeýär.




Azatlyk Radiosynyň hökümete ýakyn ygtybarly çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, hususan-da, 2017-nji ýylda ýurtda işsizligiň derejesi 60% ýetipdir. Şondan bäri ýurtda dowam edýän ykdysady krizisiň fonunda dürli pudaklarda edaralaryň ençemesi ýapyldy ýa-da birleşdirildi, müňlerçe iş orny azaldyldy. 


Işsizlik Türkmenistanyň ilatynyň gazanjyň gözleginde ýurduň daşyna köpçülikleýin gitmegine esasy sebäpleriň biridir. Soňky ýyllarda işsizlikden daşary ýurduň ilaty azyk önümleriniň gymmatlamagyna we gytçylygyna duçar bolýar, iýmiti karz almak tejribesi giňden ýaýrady.




Ykdysady krizis döwründe Türkmenistanyň hökümeti gaz, suw, elektrik togy boýunça ýeňillikleri doly ýatyrdy. Şol bir wagtda-da, türkmen hökümeti täze kaşaň binalaryň gurluşygyna milliardlarça dollar möçberinde pul sarp etmegini dowam etdirdi. 


​Munuň bilen bir wagtda-da halkara maliýe guramalary, şol sanda Halkara maliýe fondy we Aziýanyň ösüş banky türkmen hökümetiniň ilatyň hakyky girdejilerini, işsizlik derejesini we garyplygyny hasaba alyp, ilaty goramak üçin sosial programmalary işläp düzmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.  







BMG gaza baý Türkmenistanyň ilatynyň gözgyny ýagdaýda ýaşaýandygyny belledi. 2017-nji ýylyň dekabr aýynda çap edilen hasabatda Türkmenistanda 0,3 million adamyň, ýagny ilatyň 5,5% ýeterlik iýmitlenmeýändigi habar berildi. 


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

 


Rus dilinde hem okaň





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net