Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Май
2019

Hususy dermanhanalarda insulin satylmaýar, döwlet dermanhanalarynda nobat we gytçylyk saklanýar

0
Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylary ýurtda diabet, ýagny süýji keselliler üçin zerur insulinyň gytçylygynyň dörändigini habar berýärler. Şu günler bu wajyp derman serişdesi hususy dermanhanalarda satylmaýar, döwlet dermanhanalarynda bolsa uly nobatlar döreýär. 


"Insulini hususy dermanhanalarda hatda reseptli hem satmaýarlar. Indi häzir, insuliniň zapaslary azalýarka olaryň üsti ýetirilmese, insuline garaşly süýjükeselli adamlaryň jany howp astynda bolar" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy aýtdy. Onuň sözlerine görä, insuliniň gytçylygy şu ýylyň başynda döräp, bu derman serişdesiniň elýeterliligi hasam çäklenipdir.




Şu günler insulini diňe döwlet dermanhanalarynda satyn alyp bolýar. Insulin diňe resept boýunça örän çäkli möçberde berilýär. Dermanhanalaryň öňünde açylmagyndan ençeme sagat öň uly nobatlar döreýär. 


"Eger lukman näsaga onuň keseliniň agyrlygyna görä, bäş ampula ýazyp berýän bolsa, dermanhanada oňa bagty çüwse üç sanysyny berýärler. Eger üç ampula ýazylan bolsa, ikisini berýärler. Emma köp halatlarda näsaglar, ýa-da süýjükeselli maýyplaryň özleri baryp bilmän, olara derek garyndaşlary dermanhana baranlarynda dermanyň gutarandygyny eşidip galýarlar. Şonuň üçin mugt derman berýän, meselem, Alişer Nowaýy köçesindäki döwlet dermanhanasynyň öňünde onuň sekizde açylmagyndan esli wagt öň nobatlar döreýär. Emma bu dermanyň beriljegini güwä geçmeýär" diýip, 13-nji maýda Azatlygyň habarçysy aýtdy. 







Türkmenistanda hökmany hasaplanylýan saglyk ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň esasynda süýjükeselden başga-da hroniki hassalygy bolanlaryň mugt derman almaga hukugy bar. Dermanlar keselhanalarda berlen reseptler bilen belli bir döwlet dermanhanalarda berilýär. 


Türkmenistanyň ilaty bir ýyldan gowrak wagtyň dowamynda derman serişdeleriniň gytçylygy bilen yzygiderli ýüzbe-ýüz bolýarlar. Derman serişdeleriniň döreýän gytçylygy we gymmatlamagy bilen bir wagtda ýurduň häkimiýetleri raýatlaryň dermanlary daşary ýurtlardan getirmegine päsgel berýärler. Hususan-da, Aşgabadyň halkara aeroportunda gümrükçiler daşary ýurtlardan gelýän raýatlaryň el goşlaryndan tapylan dermanlary tutup galýarlar.




​Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, agyr ykdysady krizisi başdan geçirýän Türkmenistanda derman gytçylygy manadyň daşary ýurt walýutasyna erkin çalşygynyň gadagan edilmeginden soňky wagtda we dollaryň gara bazardaky nyrhynyň yzygiderli galýan döwründe döräpdir. 


"Başda mugt berilýän dermanlaryň sanawy azaldylyp, 500-den 180 getirildi. Soň adamlar lukmanlaryň ýazýan dermanlarynyň döwlet dermanhanalarynda ýokdugy bilen ýüzbe-ýüz boldular we olary hususy dermanhanalardan satyn almaga ýa-da mümkin bolsa daşary ýurtlardan getirmäge mejbur boldular. Häzir saglyk ätiýaçlandyryşy boýunça berilmeli nitrogliserin, biseptol, korwalol ýaly dermanlar we witaminler dermanhanalarda ýok" diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar.




Häzirki wagtda Türkmenistanyň hususy dermanhanalarynda antibiotikleriň söwdasy bes edildi. 


Bu ýagdaý bilen baglylykda garaşsyz neşir fergana.ru Türkmenistanyň hökümetçi Arzuw.news websaýtynyň antibiotikleriň hususy dermanhanalardaky söwdasynyň ýatyrylandygy baradaky habary ret edýändigini habar berýär.    


"Türkmenistanda her bir adam antibiotikleri resept bilen ýa-da reseptsiz satyn alyp bilýär, ýagny bu derman serişdeleri açyk söwdada bar" diýip, Arzuw.news Aşgabadyň №15-nji Saglyk öýüniň maşgala lukmany Aýjemal Ballyewa salgylanyp, habar berýär.


26-njy martda "Türkmenistanyň Hronikasy" neşri 1-nji aprelden başlap Türkmenistanyň hususy dermanhanalarynda antibiotikleriň söwdasynyň gadagan ediljegini habar beripdi.       




Şol bir wagtyň özünde-de, Türkmenistanyň häkimiýetleri we döwlet habar beriş serişdeleri ýurduň ilatynyň başdan geçirýän kynçylyklaryny, şol sanda derman gytçylygyny agzamaýarlar. Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň Saglyk ministrliginden resmi kommentariý almak boýunça eden synanyşyklary şu çaka çenli netije bermedi.       


Türkmenistanda derman gytçylygynyň fonunda ýurduň Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrligi raýatlara döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtorlygyndaky “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynda görkezilen otlardan çaý edip, içmegi maslahat berýär.







Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

 

Rus dilinde hem okaň 





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net