Ýewropanyň daşary işler ministrleri Eýranyň ýadro ylalaşygyny maslahat edýärler
Geçen hepde Eýran, eger-de dünýä güýçleri Tährany ABŞ-nyň sanksiýalaryndan gorap bilmeseler, onda 2015-nji ýylda baglaşylan ylalaşyk bilen baglylykda öz üstüne alan käbir borçnamalaryndan el çekip biljekdigi bilen haýbat atdy.
Geçen ýyl ABŞ ylalaşykdan çykyp, Eýrana garşy sanksiýalary ýaňadandan girizeninden soň, Waşington bilen Tähranyň arasyndaky gatnaşyklar has-da dartgynlaşyp başlady.
2015-nji ýylda baglaşylan Ýadro ylalaşygy Eýrana öz ýadro programmasyny jylawlamagyň ýerine sanksiýalardan boşamak mümkinçiligini beripdi.
