Asiýa Bibi Pakistany terk edip, Kanada ugrady
Geçen ýyl Pakistanyň Ýokary Sudy Asiýa Bibä çykarylan ölüm hökümini ýatyrypdy. Munuň yzy bilen, ýurtda aşa dinçileriň gazaply protestleri döräpdi.
Pakistanyň resmileri Bibiniň Kanada ugrandygyny mälim etseler-de, onuň ýurtdan çykan anyk senesi barada hiç hili maglumat bermediler.
Bibiniň aklawçysynyň sözlerine görä, ol eýýäm Kanada aşypdyr. Bu ýurtda Bibiniň iki gyzyna gaçybatalga berildi.
48 ýaşly Bibi 2010-njy ýylda Punjab welaýatynyň sudy tarapyndan ölüm jezasyna höküm edilipdi. Ol musulman goňşusy bilen dawada dine dil ýetirmekde aýyplanypdy.
Ol 2018-nji ýylyň oktýabrynda aklanýança, sekiz ýyllap türme tussaglygynda ölüm jezasyna garaşypdy.
Bibi ýurtdan çykýança, ýörite gorag astynda saklandy.
