Мы в Telegram
Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Апрель
2019

Aşgabadyň aeroportunda onlarça adam ýurduň daşyna goýberilmedi

0
Aşgabadyň aeroportunda onlarça adam ýurduň daşyna goýberilmedi

Türkmenistanyň onlarça raýaty geçen dynç günleriniň dowamynda Türkiýä gidip bilmedi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň sözlerine görä, 29-njy aprele geçen gije Aşgabadyň halkara aeroportunyň migrasiýa gullugy azyndan 50 adamy serhetden geçirmändir. Edil şeýle ýagdaýlaryň ýene birnäçesi soňky günlerde ýüze çykdy.

"27-nji aprelden 28-nji aprele geçilýän gije Aşgabat aeroportunda 80 adam ýolundan alnyp galyndy" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky ýene bir habarçysy bir gün öň habar berdi we munuň öňüsyrasynda 150-den gowrak ýolagçynyň uçara goýberilmändigini belledi. 

Şeýle-de, Aşgabatdaky habarçymyz Aşgabatdan Stambula barýan uçara 180 adamyň goýberilmändigini 27-nji aprelde habar beripdi.

Habarçymyzyň sözlerine görä, şonda sebäbini düşündirmezden serhetden geçirilmedik ýolagçylaryň nägileligine jogap hökmünde aeroportyň resmileri güýç görkezipdir.

“Ony aeroportuň iki sany işgäri alyp gitmäge synandy, emma ol garşylyk görkezdi. Ony zor bilen äkitdiler” diýip, habarçymyz özüniň gözüniň alnynda bolan ýagdaý barada gürrüň berip, uçardan düşürilmeginiň sebäbini soran ýolagçy zenana güýç görkezilendigini habar berdi.

Azatlyk Radiosyna ýolagçylaryň uçardan düşürilmeginiň sebäbini Aşgabadyň halkara aeroportunyň resmilerinden we Türkmenistanyň migrasiýa gullugyndan anyklamak başartmady. 

Türkmenistanyň raýatlary ýurduň daşyna çykmakda, ilkinji nobatda-da Türkiýä gitmekde yzygiderli kynçylyga duçar bolýarlar we bu ýagdaý ilatyň köpçülikleýin migrasiýasynyň fonunda döreýär.    

Türkmenistanyň ilatynyň bir bölegi Türkiýä gitmekde kynçylyk çekýärkä, ýene bir böleginiň Türkiýeden Türkmenistana deportasiýa edilýän pursatlary hem göze ilýär. 

“Türkmenistanyň Hronikasy” neşiriniň ýazmagyna görä, “Türkmenhowaýollarynyň” Stambuldan Aşgabada gelýän uçarlarynyň hersinde Türkiýeden deportasiýa edilen onlarça türkmen yzyna gelýär. 

Neşiriň maglumatyna görä, deportasiýa edilen türkmenler, şeýle-de Türkiýede kanuny ýagdaýda işläp, ýurduna gaýdan türkmenler aeroportda ençeme sagatlap, sorag edilýär.

Türkmenistanyň raýatlary ýurduň daşyna işiň gözleginde, bilim almak we saglygyny bejertmek maksady bilen gidýärler. Türkiýe türkmenistanlylaryň gazanç üç iň köp barýan ýurdy bolup durýar.

Şol bir wagtda-da, Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, soňky döwürde Orsýete gidýän, şol sanda göçýän türkmenistanlylaryň sany köpelýär. Munuň bilen bir wagtda Orsýetiň Türkmenistandaky ilçihanasynyň öňünde nobatlaryň saklanmagy dowam edýär. 

Bellemeli ýeri, türkmen resmileri raýatlara ýurduň daşyna goýberilmezliginiň sebäbini köplenç düşündirmeýärler. Raýatlaryň ellerinde ähli zerur kagyzlaryň bolmagy olaryň serhetden geçjegini kepil geçmeýär. 

Türkmenistanyň daşyna gitmekçi bolan türkmenistanlylara Aşgabadyň aeroportunda päsgel döredilmegi bilen bagly wakalaryň onlarçasy geçen ýylda hem bolupdy.

2018-nji ýylyň aprel aýynda migrasiýa işgärleri tarapyndan saklanan ýolagçylaryň onlarçasy muňa protest bildiripdi. 

Şu ýyl türkmenistanlylaryň ýurduň daşyna çykmagynyň çäklendirilmegi türkmen häkimiýetleriniň bedew gününi milli derejede toýlamagyna gabat geldi. 

​Türkmenistanyň kanunlary raýatlaryň ýurtdan çykyp-gelmegini kepil geçýär. Üstesine, türkmenistanlylaryň bu hukugy Türkmenistanyň 1997-nji ýylda tassyklan halkara konwensiýasynda göz öňünde tutulýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин. Главное за день


Спорт в России и мире
Москва

«Бавария» победила «Вольфсбург» в 500-м матче Нойера в Бундеслиге


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
WTA

Азаренко вышла в 1/16 финала турнира WTA-1000 в Риме


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Биологи столицы рассказали, каких животных фотоловушки снимают чаще всего





Путин в России и мире
Москва

"Газета.Ru" представляет самые яркие кадры прошедшей недели


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

Марина Василевская передала Александру Лукашенко флаг Беларуси, побывавший на МКС




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире
Киев

Святая миссия русского солдата


Навальный в России и мире


Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



BTS

BLACKPINK и BTS включены в число артистов, участвующих в кампании бойкота?



Москва

20 лет без Ленина: выяснилось, зачем стали драпировать Мавзолей во время Парада Победы

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net