Owganystan parahatçylyk gepleşiklerini maslahatlaşmak üçin yly ýygnak geçirer
Bu ýygnaga ýurduň çar künjeginden 2 müňden gowrak adam çagyryldy we olar ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky parahatçylyk tagallalaryny ara alyp maslahatlaşmagy niýet edinýärler.
Prezident Aşraf Ganiniň ýörite wekili Omar Daudzaý 28-nji aprelde Loýa Jirganyň “Talyban” bilen “içerki-owgan gepleşiklerine” esas berjekdigini aýtdy.
Ýokary derejeli resmileriň birnäçesi, şol sanda baş ýerine ýetiriji Abdulla Abdulla dört günlük ýygnanyşyga gatnaşmakdan ýüz öwürdi.
Daudzaý Abdullany we beýleki resmileri Loýa Jirga gatnaşmaga yrmak ugrundaky tagallalaryň dowam etdirilýändigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, bu ýygnakda hökümetiň geljekde “Talyban” bilen gepleşiklerde eýelemeli pozisiýalary kesgitlenmeli.
