Мы в Telegram
Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Апрель
2019

Prezidentiň täze žurnaly Aşgabadyň sport işgärlerine iki esse gymmada düşdi

0
Prezidentiň täze žurnaly Aşgabadyň sport işgärlerine iki esse gymmada düşdi

Aşgabadyň sport mekdepleriniň we beýleki sport edaralarynyň işgärlerini soňky günlerde ikinji gezek pul tabşyrmaga mejbur etdiler. Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň sözlerine görä, bu gezek işgärlerden "Türkmenistan Sport" žurnaly üçin 80 manat möçberde pul toplanýar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň mart aýynyň başynda esaslandyran bu täze žurnal üçin toplanýan pul onuň resmi bahasyndan iki esse ýokary. Žurnalyň ýüzünde onuň bahasy 39 manat diýlip görkezilýär. 

Ýurduň beýleki neşirleri ýaly ýüzi türkmen milli nagyşlary bilen bezelen we prezidentiň suraty ýerleşdirilen bu žurnalyň birinji sany aprel aýynda peýda boldy. 

Neşriň özünde ýerleşdirilen maglumatlara görä, ol Sport we ýaşlar syýasaty boýunça ministrliginiň ýanynda, 7900 san bilen çapdan çykýar. Žurnal prezidentiň 2019-njy ýylyň 3-nji martynda prezidentiň № 1114 karary bilen esaslandyrylypdyr.

Emma Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylarynyň sözlerine görä, şol bir atly neşir türkmen okyjylaryna bir ýyl öň hem hödürlenipdi 2018-nji ýylda ýurduň sport edaralarynyň işgärlerinden 80 manat toplanypdy. "Türkmenistan Sport" atly şol neşriň ýüzünde 2017-nji ýyl, №2 diýlip görkezilipdi.

Türkmenistanyň sport edaralarynyň işgärleri şu çaka çenli "Bedenterbiýe we Sport" žurnalyny satyn almaga mejburdy.

2012-nji ýyldan bäri çap edilýän bu žurnal döwlet edara-kärhanalarynyň hökman ýazylmaly neşirleriniň sanawyna girýär. 

Soňky ýyllarda žurnalyň bahasy esli ýokarlandy. 

"2015-2017-nji ýyllarda žurnal aýda 8 manada durýardy. 2018-nji ýylda onuň bahasy 12 manada çykdy. 2019-njy ýylda ol entek okyja gelmedi. Oňa sport edaralarynda işleýänleriň her biri ýazylaýmaly" diýip, habarçymyz aýdýar. 

Ýaňy-ýakynda Aşgabadyň sport edaralarynyň işgärlerinden 150 manat möçberinde pul toplanypdy. Bu puluň apreldäki saglyk aýynyň köpçülikleýin çärelerine gatnaşýanlar üçin sport geýimlerine toplanýandygy aýdyldy. 

Türkmenistanda döwlet metbugatyna abuna ýazylyşyk ýylda iki gezek guramaçylykly amala aşyrylýar.   

Milli metbugata abuna ýazylmak döwlet edaralarynyň işgärleri we ýokary okuw jaýlarynyň okuwçylary üçin hökmany bolup, soňky ýyllarda onuň puly aýlyklardan we stipendiýalardan tutulyp alynýar. 

Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, Türkmenistanyň paýtagtynda gezet-žurnal satýan ýerlerde seýrek duş gelýär we paýtagt ýaşaýjylary milli metbugaty seýrek satyn alýarlar. 

​Häzirki wagtda Türkmenistanda 30 golaý gazet we şondan gowrak žurnal çapdan çykýar. Olaryň esasy mazmuny döwlet syýasatynyň propagandasyna bagyşlanýar we ýurduň yzygiderli ösýändigini habar berýär.      

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

 

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

 

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Собянин: в Москве начался сезон фонтанов


Спорт в России и мире
Москва

В Москве завершился Кубок России по спортивному программированию


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
Новак Джокович

Шикарный и практичный стиль Елены Джокович из базовых вещей


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Жёсткие экологические требования решат инновационные энерготехнологии





Путин в России и мире
Москва

Поездам прибавляют ходу // Как может сократиться время пути от Москвы до курортов на Черном море


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

Это - война: литовские беспилотники попытались атаковать Минск




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире

Навальный в России и мире
Москва

Дух разделения в Святой Руси, или Можно ли лишиться сана за отпевание Навального*



Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Вячеслав Бутусов

Удачные выходные в Воронеже: Вячеслав Бутусов, выставка «Агитпоезд» и экскурсия «Мир! Труд! Май!»



Москва

Студентам Богородского округа рассказали об истории родного края

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net