Ermenistanyň, Azerbaýjanyň daşary işler ministrleri Moskwada gepleşikleri geçirýär
Ermenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleri Azerbaýjanyň separatist Daglyk-Garabag regiony bilen bagly konflikt boýunça Moskwada gepleşiklere başladylar.
Zohrab Mnatsakanian bilen Elmar Mammadýarowyň arasyndaky gepleşiklere Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow beýemçilik edýär we bu duşuşyk “Daglyk-Garabaga degişli meseleleri sazlamaga bagyşlanar” diýlip, Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň beýanatynda aýdylýar.
Şeýle-de, beýanatda 15-nji aprelde irden Moskwada Mnatsakanianyň Lawrow bilen ikiçäk gepleşikleri geçirendigi hem bellenildi.
Konflikte çözgüt tapmaga araçy hökmünde düzülen ÝHHG-nyň Minsk toparynyň egindeş başlyklary, ilçiler - Orsýet Federasiýasyndan Igor Popow, ABŞ-dan Andrew Schofer, Fransiýadan Stephane Visconti – hem ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilýän gepleşiklere gatnaşýarlar diýlip, beýanatda aýdylýar.
Aglaba etniki ermenileriň ýaşaýan Daglyk-Garabag regiony 1988-1994-nji ýyllardaky uruş döwründe Azerbaýjandan garaşsyzlygyny yglan etdi. Bu uruşda 30 müň çemesi adamyň ölendigi we ýüz müňlerçe adamyň öýlerini terk edip, başga ýere göçmäge mejbur edilendigi aýdylýar.