Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Апрель
2019

'Aşgabadyň un üweýän kombinatynda arassaçlyk mesele bolup durýar'

0
Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň maglumatlaryna görä, türkmen paýtagtynyň iň gadymy un üweýän kombinatynda arassaçylyk şertleri berjaý edilmeýär, gurallaryň täzelenmegine zerurlyk bar.


"Atamyrat Nyýazow köçesinde ýerleşýän un üweýän kombinatda doly hapaçylyk. Un ýere dökülýär, soň işgärler tarapyndan basgylanyp, tutuş gata ýaýraýar, şol sanda hajathanalara barýar. Pol süpürijiler bolsa uny ýerden ýygnap, un gaplaryna taşlaýarlar. Näme üçin şeýle edýärsiň diýlip, soralanda 'seh başlygy buýurdy' diýip, jogap berýär" diýip, kärhananyň işgärleri bilen söhbetdeş bolan habarçymyz aýtdy we unuň ýere dökülmegine enjamlaryň könelişip sandan çykmagynyň sebäp bolýandygyny aýdýar.




Un üweýän kärhanany we çörek öndürýän iki zawody öz içine alýan kärhana Türkmenistanyň gahrymany Atamyrat Nyýazow adyny göterýän köçede ýerleýär. Şäheriň ýaşaýjylary kärhanany "Un zawod" atlandyrýarlar.


Azatlyk Radiosy bu kärhananyň özünden resmi kommentariý we bu kärhanada arassaçylyk düzgünleriniň berjaý edilişine degişli resmi maglumatlary alyp bilmedi.         


Işgärleriň sözlerine görä, kärhanada bir müňden gowrak adam işleýär. Olar gallany kabul etmekden başlap, taýýar çöregi we un önümlerini öndürmek ýaly işlerde zähmet çekýärler. 


"Un üweýän kombinat tehniki we beýleki taraplardan könelişdi. Bu 12 gatly jaýa deň beýiklikdäki beýik bir bina. Ol ýerde elewator we 130 tonnalyk önüm saklanýan binalar ýerleşýär, iki bina we üstesine degirmen, döwlegenlik ýagdaýynda" diýip, Azatlygyň habarçylarynyň biri aýdýar.         







Kärhana geçen asyryň birinji ýarymynda gurulyp, 1948-nji ýylyň ýer titremesinden soň dikeldilipdi. 


"Kombinat tas rewolýusiýadan öňki döwürlerden bäri işleýär, ony ýer titremeden soň dessine dikeldipdiler. Bu 'strategik" obýektdir. Öz döwründe kombinatlaryň işgärleri üçin onuň territoriýasynda ýaşaýyş jaý hem gurlupdy, olaryň ählisi önümçiligiň golaýynda bolar ýaly" diýip, Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylarynyň biri aýdýar. Onuň sözlerine görä, kärhana soňky ýyllarda hem täzelenipdir: Degirmen we peçler [öňki prezident Saparmyrat] Nyýazow döwründe täze goýlupdy we önüm saklanýan binanyň gapdalyndan ýene biri, elewatoryň ikinji binasy gurlupdy" diýip, habarçymyz aýdýar. 


Azatlygyň habarçysynyň habar bermegine görä, 90-njy ýyllaryň aýagynda Türkmenistanda hususy degirmenler açylyp başlapdyr, olar ýerli galla önümlerini üwäpdi. Hususy degirmenler Aşgabatda hem açylyp, soňra ýapylypdy. Häzirki wagtda Aşgabatda satylýan çörek şäheriň dürli böleklerinde ýerleşýän kärhanalarda bişirilýär. 


"Uny şol ýerlere alyp barýarlar, tas her bir mikroraýonda öz çörek bişirýän kärhanasy bar we şol ýerlerde "döwletiňki" diýilýän çöregi bişirýärler. Şol bir wagtda-da, çörek bişirýän kärhanalaryň bir bölegi hususy eýeçiliginde" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy aýdýar. 







Türkmenistanda ilatyň aglaba böleginiň azyk üpjünçiligini çörek tutýar. Soňky bir ýyldan gowrak döwrüň dowamynda ýurduň ilaty döwlet dükanlarynda satylýan çöregiň we unuň gytçylygyna duçar boldy.  


Şu günki gün döwletiň gözegçiligindäki dükanlarda çörek resmi taýdan kesgitlenen bahadan her buhankasy 1 manatdan satylýar. Aşgabadyň bazarlaryndaky öý çöreginiň bahasy hiline we ululygyna görä, 2-3 manat we 5-6 manat aralygynda satylýar.   







Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

 

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

 

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

 





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net