Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Апрель
2019

Türkmenistan Visa-Electron kartlary çykarmagyny bes edýär

0
Türkmenistan Visa-Electron kartlary çykarmagyny bes edýär. Bu barada hökümetçi "Türkmenportal" neşiri 9-njy aprelde habar berdi. 


"Türkmenistanyň daşary ykdysady işler boýunça döwlet banky 2019-njy ýylyň 13-nji aprelinden başlap Visa Electron kartlary çykarmagyny we olaryň çalşyrylmagyny bes edýär diýip neşir mälim edýär we degişli karara Visa kompaniýasynyň («Visa International Service Association») rekomendasiýasyndan soň gelnendigini Türkmenistanyň Daşary ykdysady bankyna salgylanyp, habar berýär. 


Hökümetçi neşir öň çykarylan Visa Electron kartlaryň möheti dolýança dolandyryljakdygyny, şeýle-de Visa Classic we Visa Gold ýaly beýleki kartlaryň öňküsi ýaly işlejegini ýazýar. 




​Azatlyk Radiosyna Türkmenistanyň daşary ykdysady bankyndan kommentariý almak başartmady. 


Azatlyk Radiosyna Visa kompaniýasynda berlen resmi jogapda  Türkmenistanda Visa Electron kartlaryň ýatyrylmagy barada maglumat berilmedi.


"Visa Electrondan Visa Classic we ondan ýokary derejelerdäki kartlara geçmek boýunça Visa programmasynyň elementleriniň biri bolup durýar, (Merkezi Ýewropa, Ýakyn Gündogar we Afrika ýurtlaryny öz içine alýan) CEMEA regionynyň tölegler bazaryndaky häzirki trendi görkezýär, şeýle-de müşderileriň, meselem loýallyk programmalary, sarp eden puluny yzyna almak ýaly goşmaça aýratynlyklary we ýeňillikleri almak isleglerini görkezýär" diýlip, GDA we Günorta-Gündogar ýurtlarynda Visa önümleri boýunça baş müdiri Kristina Doroşyň Azatlyga beren resmi jogabynda aýdylýar.


Türkmenistanyň Daşary ykdysady bankynyň çykarýan Visa Electron kartlarynyň esasy müşderileri ýurduň daşynda bilim alýan türkmenistany ýaşlardyr. Bu kartlar Türkmenistanyň raýatlaryna türkmen manadyny resmi kurs boýunça daşary ýurt pullaryna öwürmäge we bu puldan ýurduň daşynda peýdalanmaga ýeke-täk mümkinçilik beripdi.







Nagt bolmadyk pul çalşygy döwlet kursy 1 amerikan dollary 3.5 manatdan amala aşyryldy. Türkmenistanda walýutanyň nagt çalşygy 2016-njy ýyldan bäri resmi taýdan gadagan, "gara bazarda" amerikan dollarynyň bahasy resmi kursdan bäş esse ýokary.


Soňky iki ýylyň dowamynda Visa kartlaryň eýeleri öz kartlaryndan çekmäge rugsat berlen puluň möçberiniň yzygiderli çäklendirilmegine duçar boldular. 


Soňky aýlarda türkmen banklarynyň çykaran Visa we Maestro kartlaryndan daşary ýurtlarda nagtlaşdyryp bolýan pulunyň möçberi bir aýda 150 dollardan aşmady. Emma türkmen banklarynyň müşderileriniň ençemesiniň Azatlyk Radiosyna habar bermegine görä, mart aýynda Visa we Maestro kartlaryndan çekip bolan puluň möçberi 60 dollardan aşmandyr. Nagtlaşdyrylýan pul üçin türkmen banky tarapyndan alynýan tutumy 25% barabar bolupdyr. Türkmenistanyň Daşary ykdysady bankynyň resmi saýtynda tutumyň möçberi 3% derejesinde görkezilýär.




Soňky iki ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary ykdysady banky öňünden duýdurmazdan öz kartlaryndan nagtlaşdyryp bolýan puluň möçberini ençeme gezek azaldypdy. Deňeşdirme üçin 2017-nji ýylyň ýanwar aýynda nagtlaşdyryp bolýan puluň möçberi bir gije-gündizde 1000 amerikan dollaryna barabardy. 


Plastik kartlar boýunça operasiýalaryň çäklendirilmegi, şeýle-de Türkmenistandan bank üsti bilen pul ugratmagyň kynlaşmagy daşary ýurtlarda bilim alýan türkmenistanlylaryň ençemesini pulsuz galdyrdy. 




Mundan öň Visa kompaniýasy Türkmenistanyň banklary tarapyndan çykarylýan Visa kartlarynyň petiklenmegine we çäklendirilmegine gatnaşygynyň ýokdugyny aýdypdy.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

 

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

 

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net