Мы в Telegram
Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Апрель
2019

Aşgabatlylar 'mugtçulyk' döwründe oturdan suw ölçeýjilerini gaýtadan barlatmaly bolýarlar

0
Aşgabatlylar 'mugtçulyk' döwründe oturdan suw ölçeýjilerini gaýtadan barlatmaly bolýarlar

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň sözlerine görä, Aşgabadyň ýaşaýjylary suw üçin töleg tölemekde täze kynçylyklara duçar bolupdyrlar. Bu gezek harçlanan suw ölçeýjileri öz öýlerinde 2016-njy ýylda oturdan ýaşaýjylardan gurallaryny gaýtadan barlatmak talap edilýär.

Ýatlatsak, Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň suw, gaz we tok mugtçulygyny ýatyrmak barada 2018-nji ýylyň güýzünde yglan eden kararyna laýyklykda, ýurduň ilaty ulanýan serişdeleri üçin tölegleri hasaplaýjy gurallaryň esasynda tölemäge borçly. 

"Aşgabatagyzsuwyň düzgünlerine görä, hasaplaýjylaryň barlaglaryny onuň öz laboratoriýasynda geçirmelidigi mälim boldy. Ulanyja ussany özbaşdak tapmagy maslahat edýärler (olar öz ussalary bermeýärler), soň ölçeýjini duran ýerinden aýyryp, ony barlag üçin laboratoriýa alyp barmagy, soňra täze açylan Tükmenstandart edarasynda (Parahat-7) belletmegi, bu ýerde diňe möhür basýarlar, ondan soň ýene laboratoriýa dolanmagy, soň hyzmat üçin bankda (Wodokanalyň öz kassasy ýok) töleg etmegi talap edýärler. Bulardan soň ýene-de ussa gözläp, öz hasaplaýjy guralyňy öýüňde oturtmaly" diýip, 8-nji martda Azatlygyň habarçysy aýtdy.

Aprel aýynyň başynda “Aşgabatagyzsuw” paýtagtyň ýaşaýjylaryny suwy tygşytly ulanmaga we onuň töleglerini wagtynda geçirmäge çagyrýan bildiriş çap etdi.  

Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, suw ölçeýjileri barlatmagyň çylşyrymly düzgünlerinden daşary, munuň maliýe çykdajysy hem bar.

"Laboratoriýadaky barlaglar we döwlet standart edarasynyň möhüri 40 manada düşdi. Ölçeýjiniň duran ýerinden aýrylyp, soň gaýtadan oturdylmagy ortaça hasapdan 100 manada (her biriniň üçin 50 manatdan) düşýär. Pensionerler, az girdejili maşgalalar we işsizler üçin bu maliýe betbagtçylykdyr" diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar.

Türkmenistanda gaz we suw ölçeýjileriniň oturdylmagy 2016-njy ýylda başlanypdy, emma 2018-nji ýylyň güýzünde köpçülikleýin häsiýete eýe bolupdy. Gurallaryň ýaşaýyş jaýlarda gurdurmak işi şäher we oba häkimiýetleriniň gözegçiliginde ýaşaýjylaryň hasabyna amala aşyryldy. Soňky aýlarda bu hojalyk işlerine gözegçilige käbir halatlarda polisiýa gatnaşypdy.

 

 

Munuň bilen bir wagtda Azatlyk bilen söhbetdeş bolan aşgabatlylar, öý hojalyk hyzmatlaryny hasaplamak boýunça düzgünleriň, ölçeýji gurallaryň hasaba alynmagynyň köplenç düşnüksizdigini aýdýarlar we jemagat edaralarynyň işgärleriniň bolsa ilata düşündiriş bermeýändigini belleýärler. 

Azatlyk Radiosynyň habarçylary, şu ýylyň ýanwar aýynda paýtagtyň ýaşaýjylarynyň ozalky ýyllarda ilata "mugt" hökmünde berlen suw üçin tölemäge mejbur bolandygyny, jerimä sezewar edilendigini habar beripdi. Hususan-da, ýaşaýjylardan 2017-nji we 2018-nji ýyllarda berlen suw üçin her aý üçin 84 manatdan tölemek talap edilipdi.

Üstesine, soňky aýlarda Azatlygyň habarçylary we aşgabatly söhbetdeşleri suw üçin ýaşaýjylardan alynýan tölegleriň artdyrylyp alynýandygy we nädogry hasap çykarylýandygy barada habar beripdi. 

​"Aşgabatagyzsuw" edarasynyň işgärleriniň Azatlyk Radiosynyň habarçysyna aýtmagyna görä, häzirki wagtda kärhanada prokuror barlaglary geçirilýär. 

Azatlyk Radiosy aýdylýan barlaglaryň sebäplerini entek anyklap bilmedi, şeýle-de, "Aşgabatagyzsuw" kärhanasynyň özünde resmi kommentariý alyp bolmady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

 

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

 

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин. Главное за день


Спорт в России и мире
Москва

На стадионе в Москве, таджики и узбеки, проигравшие русским футболистам со счетом 13:0 устроили массовую драку с нашими ребятами


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
WTA

Россиянка Андреева стала рекордсменкой на турнирах WTA-1000


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

6 городов России, где можно увидеть белые ночи кроме Санкт-Петербурга





Путин в России и мире
Москва

Дугин в интервью Такеру Карлсону: "Путин — это традиционный лидер"


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

«Набей им морду, покажи им, что ты настоящий белорус». Лукашенко о поездке спортсменов на Олимпиаду




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире
Киев

В Киеве СБУ проводит облавы против нелояльных Зеленскому


Навальный в России и мире


Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



PRomoPulse

Продвижение новой музыки и ваших хитов на радио и в интернете



Москва

В театре Эстрады состоялся финальный показ музыкально-драматического спектакля «Дом окнами в поле»

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net