Мы в Telegram
Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Апрель
2019

Tagtabazarda sil ýüzlerçe öýi ýumurdy

0
Tagtabazarda sil ýüzlerçe öýi ýumurdy

Türkmenistanyň günorta-gündogar böleginde silden 700 çemesi ýaşaýyş jaýa zeper ýetdi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň regiondaky habarçylary maglumat berýärler.

"Tagtabazarda suwdan we silden 700-e golaý jaýa zeper ýetdi. Etrap merkeziniň özünde 300-dan gowrak jaýa zeper ýetdi, olardan 70 çemesi doly ýumruldy" diýip, Azatlygyň habarçysy 4-nji martda habar berdi.

Onuň sözlerine görä, zyýan çekenleriň arasynda Marçak, Ýaşlyk, Baýraç obalary hem bar. 

"Bu ýerde hem zeper ýeten jaýlar köp. Suw diňe duşenbe güni çekildi, emma palçyk dyzyňa ýetýär. Ýerli häkimiýetler çäre görmeýärler, öz-özünden guramagyna garaşýarlar" diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy. 

​Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynda sil geçen anna güni 29-njy martda gije döredi. Tebigy betbagtçylyga güýçli ýagyn sebäp boldy.

​Şaýatlar suwuň Tagtabazaryň merkezini basandygyny habar berdiler. Şonda Azatlyk Radiosyna Tagtabazaryň diňe etrap merkezinden maglumat almak başardypdy. Bu ýerde ençeme bina uly zyýan ýetendigi, şäheriň sil basan “Mikroraýon” diýilýän etrapçasynyň daşynyň harbylar hem-de polisiýa işgärleri tarapyndan gabalandygy mälim bolupdy.

"Suw basan ýere esli wagtlap hiç kim goýberilmedi” diýip, şonda Azatlygyň habarçysy aýtdy.

Ýerli ýaşaýjylar öz öýlerini terk edip, şäherdäki beýiklikde tutuş gijesini meýdanda geçirmäge mejbur bolupdy. Diňe günüň ertesi sagat 12:30 töwereginde adamlara öýlerine dolanmaga rugsat berdiler.  

Tagtabazar etraby Owganystan bilen serhediň golaýynda ýerleşýär. Güýçli sil Türkmenistan bilen goňşy Owganystanda we Eýranda boldy we bu ýurtlara  uly maddy zyýan ýetirip, adam pidalaryna sebäp boldy.

Sil sebäpli goňşy Eýrana resmi taýdan duýgudaşlyk bildiren Türkmenistan öz ýurdundaky tebigy betbagtçylygy we onuň öz ilatyna ýetiren täsirini agzamady. 

Türkmenistanda güýçli ýagyn we sil 18-nji martdan 19-njy marta geçýän gijesi emele geldi.

19-njy martda irden Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň ona golaý obasy silden ejir çekdi. Ýagyn Serdar şäherine zyýan ýetirdi. 

Azatlyk Radiosynyň regiondaky habarçylary läbik suwuň ençeme ýaşaýyş jaýlary, döwlet binalaryny basandygyny, öýlerini terk etmäge mejbur bolan ýüzlerçe maşgala häkimiýetler tarapyndan kömek edilmändigini habar berdiler. 

Balkan welaýatynyň, hususan-da, Etrek etrabynda käbir ýaşaýyş punktlar daşky dünýäden üzňelikde galýar, onlarça oba elektrik energiýasyz kösenýär. 

Balkanda sil zerarly gara ýollaryň ýumrulmagy ýol hadysalaryna sebäp boldy. 

 

31-nji martda giçlik Balkan welaýatynda Aşgabat-Türkmenbaşy gara ýolunda bolan ýol hadysasynda dört adam wepat boldy we 10-a golaý adam ýaralandy.

1-nji aprelde ýol hadysasynyň bolan ýerine sapar eden Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň maglumatyna görä, ýol hadysasy Aşgabat-Türkmenbaşy ýolunyň Aşgabatdan baranda, 392-nji kilometri bilen 405-nji kilometri aralygyndaky gündogar böleginde ýüze çykypdyr. Sil suwlary asfalt ýoluň 13 kilometre golaýyny weýran edipdir.

Türkmenistanyň mediasy siliň netijeleri we ýol hadysasy barada habar bermediler.  

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýar. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин обнародовал программу развития столичного туризма


Спорт в России и мире
Москва

Волейболисты «Зенита-Казань» стали чемпионами России


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
WTA

Мирра Андреева обыграла Вондроушову в третьем круге турнира WTA в Мадриде


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

В 2024 году исполняется 140 лет созданию в Москве первой общедоступной публичной бесплатной библиотеки





Путин в России и мире
Москва

«Ану-ка, девушки!»: какой была легендарная передача, которая вернется на ТВ


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

Лукашенко заявил о желании построить в Белоруссии вторую АЭС




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире
Киев

Цинизм зашкалил: Елена Зеленская повеселилась в Киеве с герцогиней Эдинбургской


Навальный в России и мире


Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Моргенштерн

Пользователи Сети обсуждают новое совместное видео Моргенштерна* и Лизы Василенко: «С Диларой он таких эмоций не давал»



Москва

На выставку трофейной техники в Москве доставили танк M1 Abrams

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net