Orsýetlileriň köpüsi Krymyň anneksiýa edilmegini goldaýar, emma onuň ykdysady täsirlerini alada edýär
Täze pikir soramalar orsýetlileriň aglabasynyň şindi hem Kremliň Ukrainanyň Krym ýarymadasyny anneksiýa etmegini goldaýandygyny görkezdi.
Emma Ukrainanyň uruşdan tozan gündogar sebitleri Donetsk we Luhansk babatynda muňa meňzeş çäräniň görülmegini goldaýan has az.
Moskwanyň Lewada merkezi we Global meseleler boýunça Çikago geňeşiniň bilelikde geçiren pikir soramalarynyň netijeleri 3-nji aprelde çap edildi we ol orsýetlileriň aglaba köplüginiň Moskwanyň halkara syýasaty ýurduň ykdysadyýetini we ýaşaýyş standartlaryny ýaramazlaşdyrdy diýip hasaplaýandygyny görkezýär.
Orsýetliler 2014-nji ýylda Krym ele geçirileli bäri prezident Wladimir Putiniň kararalaryny köp derejede goldaýardylar, bu goldawa belli bir derejede döwlet telewideniýesiniň berýän propaganda gepleşikleri hem täsir ýetirýärdi. Emma ykdysadyýet ýaramazlaşdygyça bu goldaw azaldy, Krymy Orsýete integrirlemegiň bolsa harajady köpeldi.