Alžirde uzak wagt häkimiýet başynda bolan prezident wezipesinden çekildi
Döwlet telewideniýesiniň maglumatyna görä, Bouteflika bu karar barada Konstitusion Geňeşi habarly edip, munuň 2-nji aprelden güýje girýändigini aýtdy.
Alžiriň prezidentiniň bu karary, onuň wezipeden çekilmegi üçin derhal herekete geçmek barada ýaragly güýçleriň ştab başlygynyň eden talabyndan gysga wagt soňa gabat geldi.
Bouteflika 2013-nji ýylda ýürek näsazlygyndan ejir çekeni bäri köpçülikde o diýen köp görünmeýärdi. Ol başlangyçda aprel aýynda geçirilmegi planlaşdyrylan prezident saýlawlarynda ýene bäş ýyl möhlet bilen gaýtadan saýlanmaga synanyşmak planlaryny ýatyrdy.
