Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Март
2019

Belarusda türkmenistanly student ýaşaýan jaýynyň eýesini pyçaklady

0
21-nji martda Belarusyň Gomel şäherinde 19 ýaşly türkmenistanly student kireýne alyp ýaşaýan jaýynyň eýesini pyçaklapdyr. Bu barada "Türkmenistanyň Hronikasy" neşri belarus mediasyna salgylanyp habar berdi.


Informasion websaýty gomel.today neşriniň habar bermegine görä, hadysa 21-nji martda Gomel şäheriniň Železnodorožnyý raýonynda ýüze çykypdyr. Türkmenistanyň raýaty Skorina adyndaky döwlet uniwersitetiniň ikinji kursunyň studenti Gomeliň 24 ýaşly ýaşaýjysyna topulyp, boýnundan üç gezek pyçak urupdyr. Zenan keselhanada saklanýar. Hüjümçi tussag edilip, oňa garşy jenaýat işi gozgalypdyr. 


Neşriň Gomeliň Derňew komitetiniň resmi wekili Mariýa Kriwonogowa salgylanyp, habar bermegine görä, 19 ýaşly student zenana talamak maksady bilen hüjüm edipdir, we onuň sumkasyny alypdyr. Tiz kömegi köçeden geçip barýan adamlar çagyrypdyr.          




Habar berlişine görä, bu hadysa studentiň kireýne ýaşaýan jaýy üçin töleg tölemek üçin öý eýesi bilen duşuşan pursadynda ýüze çykypdyr. 


Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň raýatynyň gatnaşmagynda bolan bu hasyda barada Gomel şäheriniň Derňew komitetinden kommentariý almak başartmady. 


Informasion websaýty gomel.today neşri türkmenistanly studentiň humar oýunlary bilen gyzyklanandygyny, köp wagtyny oýun awtomatlarynda geçirendigini we mydama pula mätäçlik çekendigini habar berýär. 


Belarus Türkmenistanly ýaşlaryň bilim almak üçin köp barýan esasy ýurtlarynyň biridir. Daşary ýurtlarda bilim alýan türkmenistanly studentleriň maliýe kynçylyklary sebäpli bikanunçylyklara baş goşmagyna degişli wakalaryň ençemesi mälim boldy. 




Soňky iki ýylyň dowamynda Azatlyga mälim bolan wakalarda türkmenistanly ýaşlar pulsuzlyk sebäpli hilegärlige ba goşupdy, käte jenaýatçylykly ýagdaýlara düşüpdi.


Türkmenistanly ýaşlaryň kredit kartlar bilen bagly hilegärliklere baş goşmagy bilen bagly ýagdaýlar köp ýüze çykýar.  


Häzirki wagtda çenli türkmenistanly studentleriň maliýe problemalarynyň esasy sebäpleriniň biri Türkmenistanyň öz ilatynyň ýurduň daşyna pul ibermek mümkinçiliklerini yzygiderli berk çäklendirmegi bilen bagly bolup durýar.     


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

 

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net