Eýranyň prezidenti Rohani Yraga ilkinji resmi saparyny amala aşyrýar
11-nji martda Bagdada üç günlük sapary amala şyrmak üçin gitmezden öň, Tähranyň “Mehrabad” aeroportunda çykyş eden Rohani Eýran bilen Yragyň arasyndaky “aýratyn” gatnaşyklara gowy baha berdi.
“Biz Yrak bilen gatnaşyklarymyzy, hususan-da transport gatnaşyklarymyzyň gerimini giňeltmäge örän gyzyklanma bildirýäris. Biziň şu saparyň dowamynda maslahat ediljek gyzykly proýektlerimiz bar” diýip, Rohani aýtdy.
Waşingtondan maliýe we harby goldawy alýan Bagdat Birleşen Ştatlar we Yragyň şaýy ilatynyň agzalaryna güýçli täsir ýetirýän Eýran bilen gatnaşyklaryny deňagramly saklamaga synanyşýar.
Tähranyň Yrakda resmi taýdan harby güýçleri ýok. Ýöne Eýranyň hökümeti ýurtda hereket edýän güýçli ýarym harby şaýy toparlaryny goldaýar.
