Merhum adamysyny jaýlap bilmedik aýal ony tabydy bilen hökümet binasynyň öňüne getirdi
Media habarlarynda ol adamyň iki hepde öň ýogalandygy, aýalynyň ony şäher gonamçylygynda jaýlamak üçin pul gözländigini habar berdi. Gonamçylykdaky adam jaýlaýan öý ondan azyndan 30 müň rubl ($460) tölemegi sorapdyr. Bu merhymyň aýaly üçin örän kän pul bolansoň, ol başga bir adam jaýlaýan edara ýüz tutupdyr. Olar ondanöz adamsyny jaýlamak üçin 8 müň rubl ($120) sorapdyrlar.
Emma gabyr gazyjylar gonamçylyga gelip, gabyr gazmakçy bolanda, 30 çemesi erkek gelip, olara öz işlerini bitirmäge ýol bermändir. Bu hadysa ol ýalyň öz äriniň jesedini tabydy bilen regional hökümet binasynyň öňüne getirmäge iteripdir.
Açyk tabyt hökümet binasynyň öňünde birnäçe sagat durandan soň, ol aýal ony alyp gidipdir we indi merhum adamsyny obada jaýlamakçy bolýar.
Bu habar sosial mediada ýaýrandan soň, Samara regionynyň gubernatory Dmitriý Azarow bu işi özüniň derňejekdigini we ol aýala ärini jaýlamaga kömekleşjekdigini aýtdy.
