Мы в Telegram
Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Февраль
2019

Türkmenistanda bankomatdan puly nagtlaşdyrmak boýunça 'hyzmatlaryň' görnüşleri artýar

0
Türkmenistanda bankomatdan puly nagtlaşdyrmak boýunça 'hyzmatlaryň' görnüşleri artýar

Türkmenistanda ilatyň plastik kartlaryndan pul çekmekdäki kynçylyklarynyň  fonunda puly nagtlaşdyrmaga ýardam boýunça 'hyzmatlaryň' görnüşleri artýar. 

"Türkmenistanyň Alternatiw täzelikleri" neşriniň habar bermegine görä, banklaryň işgärleri we sakçylary müşderileriň öz kartlaryndan islendik möçberde pul çekmäge rugsat berýärler. Bu "hyzmatyň" bahasy 5-10 manada barabar, diýip neşir belleýär. 

Türkmenistanda býujet işgärleriň zähmet haklary, ilatyň pensiýalary we döwlet tarapyndan berilýän kömek pullary plastik kartlara geçirilýär. 

Şol bir wagtda-da, plastik kartlardaky pullary nagtlaşdyrmak işi goşmaça wagty we çykdajylary talap edýär. 

"Türkmenistanyň Alternatiw täzelikleri" neşriniň 17-nji fewralda habar bermegine görä, Balkanabat we Türkmenbaşy şäherlerinde nobatçy sakçylar banklaryň işlemeýän wagtynda pul çekmek mümkinçiligini hödürleýärler we muňa bäş manat alýarlar.

"Adatça bu gijelerine we dynç günlerinde bolýar. Polisiýa işgärleri isleg bildirenleriň plastik kartlaryny we pin-kodlaryny alyp, banka girýärler we öz gözegçiligindäki maliýe edaralarynyň terminallaryndan özbaşdak pul çekýärler" diýip, neşir belleýär. 

Maglumatda, Daşoguz we Türkmenbaşy şäherlerinde, azyndan iki bankda "Daýhan" we "Türkmenistan" banklarynda kasirleriň özleriniň 10 manada islendik möçberdäki puly nagtlaşdyrmagy teklip edýändigi aýdylýar. 

Azatlyk Radiosy, habar berilýän bu ýagdaý barada bank resmilerinden maglumat alyp bilmedi.   

Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysynyň 19-njy fewralda habar bermegine görä, şu günler welaýatlarda banklaryň öňünde puly nagtlaşdyrmak isleýänleriň uly nobatlary emele gelýär, emma kesgitlenen çäkden artykmaç puly nagtlaşdyryp bolmaýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanda plastik kart eýelerine puly nagtlaşdyrmak üçin kesgitlenen aýlyk möçber Aşgabatda we welaýat merkezlerinde 800 manada, uly şäherlerde 600 manada we kiçi ýaşaýyş punktlarda 400 manada barabar.

Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, käbir döwlet edaralary üçin has oňaýlykly şertler göz öňünde tutulýar.   

"Käbir döwlet edaralarynda, polisiýanyň we prokuraturanyň binalarynda öz bankomatlary bar. Olara yzygiderli pul goýulýar, aýratynam aýlyk wagtynda. Işgärler umuman erkin görnüşde we uly nobata durmazdan pul çekip bilýärler. Olaryň limiti has uly, bir gezegine 1500-2000 manada çenli çekip bilýärler" diýip, habarçymyz aýtdy. 

Türkmenistanda, aýratynam etraplarda we oba ýerlerinde bankomatlaryň sanynyň ýetmezçilik edýändigi, terminallarda puluň tiz gutaryp galýandygy ilaty öz pullaryna eýe bolmak üçin dürli ýollary gözlemäge iterýär. Ýurduň beýleki ýerlerine garanada paýtagta ýagdaý has ganymat hasaplanylýar.

Welaýatlaryň ýaşaýjylary puluny nagtlaşdyrmak üçin köplenç öz kartlaryny paýtagta ugradýarlar. Belli bir tölege, kartlary ýygnap, paýtagtda pul çekmek we yzyna getirmek hyzmatyny ýerine ýetirýän araçylar hem bar.

Käte şeýle araçylaryň gatnaşmagynda dawaly ýagdaýlar hem döreýär. Şeýle wakalaryň biri 13-nji fewralda Aşgabadyň Görogly köçesiniň ugrunda, “Halkbankyň” hem-de Köpetdag etrabynyň salgyt gullugynyň ýerleşýän jaýynyň ýanyndaky bankomatlaryň öňünde turdy.

Habarçymyzyň gürrüň bermegine görä, bir wagtda ençeme bank kartyndan pul çeken adam nobatda duranlaryň şikaýatyna üns bermän nägilelige sebäpkär bolupdyr. Çagyrylan polisiýa işgärleri ýanynda 15 sany bank karty tapylan adamy saklapdyr.

Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, araçylaryň kömeginden peýdalanýan kart eýeleri ortaça 50 manat möçberinde çykdaja sezewar bolýarlar.

Türkmenistanyň hökümeti ilatyň kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny görmezlige salýar, döwlet mediasy problemalary düýpden gozgamaýar.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Сергей Собянин. Главное за день


Спорт в России и мире
Москва

Олимпийский чемпион Роман Костомаров поздравил победителей номинации «Экскурсия без границ» программы «Лига Экскурсоводов»


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
ATP

Теннисиста Медведева выбили из топ-4 ATP


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Сергей Собянин. Главное за день





Путин в России и мире
Москва

Глава МИД КНР Ван И заявил, что Пекин ценит позицию Москвы по Тайваню


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

Запись от имени Президента Беларуси сделана в книге соболезнований в посольстве Ирана




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире
Киев

Зеленский заявил, что обеспокоен заявлениями республиканцев в США


Навальный в России и мире


Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Юлия Савичева

«Прыгала, как сумасшедшая»: Юлия Савичева рассказала об исполнении давней мечты в шоу «УТРО. ТНТ»



Москва

Минсельхоз распределил поставки сахара в страны ЕАЭС

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net