Türkmenistan “deňizde milli daşaýjy (gatnadyjy)” düzgünlerini kämilleşdirýär
Türkmenistanda “Deňizde milli daşaýjy (gatnadyjy) hakyndaky” kararyň taslamasy prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna hödürlendi diýip, TDH habar berýär.
Neşiriň maglumatyna görä, Söwda deňiz gatnawynyň kodeksine laýyklykda hem-de deňiz flotunyň işini döwrebaplaşdyrmak we ýükler daşalanda ulag hyzmatyny kämilleşdirmek maksady bilen degişli Düzgünnama işlenip taýýarlanyldy.
Bu habar Türkmenistanyň Hazar deňzi boýunça eksport edýän nebitiniň möçberiniň iki düýpli azalandygy baradaky maglumatyň çykan wagtyna gabat geldi.
"Türkmenistanyň Hronikasy" saýtynyň “Roýters” habar gullugynyň maglumatyna salgylanyp ýazmagyna görä, Türkmenistan ýanwaryň aýagynda Hazardaky nebit eksportynyň ugruny üýtgetdi we täjirini täzeledi.
Ozal nebit eksporty Azerbaýjanyň SOCAR kompaniýasynyň gatnaşmagynda, Bakuwyň üstünden amala aşyrylan bolsa, indi türkmen tarapy Şweýsariýanyň “Vitol” kompaniýasy bilen şertnama baglaşyp, nebitini Mahaçgalanyň üsti bilen eksport edýär.
Bu ýagdaý türkmen nebit eksportynyň ýarpy azalmagyna getirdi, muňa “Vitol” we SOCAR kompaniýalarynyň arasyndaky gapma-garşylyk, şweýsar kompaniýasynyň ýeterlik gämisiniň bolmazlygy we azerbaýjan kompaniýasynyň öz gämilerini kireýine bermekden boýun gaçyrmagy sebäp boldy diýip, “Roýters” habar berýär.
Neşiriň maglumatyna görä, eksport möçberiniň azalandygyna garamazdan, Italiýanyň “Eni” kompaniýasy nebit çykarmasyny azaltmady we Türkmenistan öz ammarlaryny eýýäm doldurdy.
Bu ýagdaýyň Aşgabady nebit öndürmegi kemeltmek töwekgelliginiň öňünde goýýandygy bellenilýär.