ABŞ-nyň parahatçylyk wekili Kabula sapar edýär
Bu sapardan öň, Khalilzad, ABŞ-nyň döwlet sekretary Mike Pompeo, şeýle-de “Talyban” resmileri gepleşikleriň dowamynda gazanylan öňegidişlikleri oňlap, çykyş etdiler.
Reuters habarlar gullugyň berýän maglumatyna görä, gepleşikleriň netijesinde taraplar “25-nji fewralda hem duşuşmak barada deslapky ylalaşyga gelipdirler”.
Khalilzad özüniň Twitter hasabynda ABŞ-nyň we “Talybanyň” Dohadaky gepleşiklerde “düýpli öňegidişlikleri” gazanandyklaryny aýdyp, ýazgy galdyrdy.
Ol “entek maslahatlaşmaly ýene meseleleriň galandygyny”, şeýle-de “ähli zat ylalaşylmaýança, hiç zadyň ylalaşylmandygyny” hem belläp geçdi.
“Talybanyň” metbugat wekili gepleşikleriň dowamynda “öňegidişlikleriň” bolandygyny aýtsa-da, ok atyşyklary bes etmek barada ylalaşyga gelnendigi baradaky maglumatlary ret etdi. Ol “çözülmedik meseleler” boýunça gepleşikleriň dowam etdiriljekdigini hem sözüne goşdy.
