Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Январь
2019

Aşgabatda çilim satuwa çykaryldy, çilimiň üstünde dawa turdy

0
Aşgabatda bir ýarym aýlyk arakesmeden soň, döwlet dükanlarynda çilim satylyp başlandy.


Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysynyň aýtmagyna görä, çilim söwdasy 14-ýanwarda başlanyp, häzirki wagtda söwda örän çäkli görnüşde we berk gözegçilikde amala aşyrylýar.  


"Nobatlar irden 6-7 başlanýar. Çilimiň söwdasy 40 minut bir sagatdan geçmeýär. Satylyşyna 2-3 polisiýa işgäri, harby ýokary jaýlarynyň 3-4 kursanty, şeýle-de etrabynyň söwda edarasynyň bir işgäri we raýat eşigindäki 2-3 sany adam gözegçilik edýär. Alyjylaryň sany 100-150 adam çemesi" diýip, habarçymyz 15-nji ýanwarda gürrüň berdi. 


Onuň bellemegine görä, çilim paýtagtyň uly köçelerinden daşda ýerleşýän 20 çemesi dükanynda satylýar, emma şol bir dükanda çilim günde bolmaýar, söwda dükanlaryň arka tarapyndan penjireden satylýar we her adam başynda bir gutudan köp berilmeýär.


"Penjiräniň üstünde kamera oturdylan. Kimdir biri ikinji gezek nobata durup çilim aljak bolsa başgalaram dawa etse, onda polisiýa işgäri şol wideo seredip, 'gowulyk bilen git, bolmasa başbozar hökmünde çäre göreris' diýýär hem kowýar" diýip, habarçymyz belledi.




Mundan öň Aşgabadyň döwlet dükanlarynda çilim söwdasy soňky gezek dekabryň birinji ýarymynda amala aşyrylypdy. Döwlet dükanlarynda çilim her gutusy 30 manatdan satylýar, hususy dükanlarda şol bir çilimiň bahasy edil şu günki gün 50-60 manat aralygynda.    


Türkmenistanda döwletiň gözegçiligindäki dükanlardaky çilim söwdasynda 2017-2018-nji ýyllaryň dowamynda emele gelen ýagdaýa görä, 1.5-2 aýlap çilim söwdasy doly kesilýär we soň bir hepdä golaý wagtlap çilim satuwa çykarylýar we ýene satuwdan aýrylýar. 


Çilim söwdasyna polisiýanyň we howpsuzlyk gulluklarynyň edýän gözegçiligine garamazdan, dawaly ýagdaýlar döreýär.    


Aşgabatdaky habarçymyzyň sözlerine görä, 14-nji ýanwarda Aşgabadyň günbatar böleginde Köşide Bagtyýarlyk etrabynyň 20-nji dükanynda çilim bilen bagly ýakalaşyk ýüze çykypdyr.


"Şol gün irden sagat sekiz bolup barýarka üç sany ýigit dükanyň arka tarapyndan çilimiň satylýan ýerine baryp, çilim sorasalar, olara gutardy diýip jogap berýärler. Emma olar şol ýerde hususy eýeçiligindäki awtoulaga çilimiň ýüklenýändigini görüp, munuň sebäbini soranlarynda dawa döredýär. Olar ýakalaşýar", diýip habarçymyz aýtdy. Onuň sözlerine görä, polisiýa agzalan alyjylary tussag edip, derňew geçirýär. 


​Habarçymyz dawaly ýagdaýlaryň wagtal-wagtal döreýändigini, hususan-da geçen ýylyň dekabr aýynda Aşgabadyň Berkararlyk etrabyna degişli Hitrowka diýilýän ýaşaýyş massiwindäki döwlet dükanynda dörän dawanyň netijesinde polisiýanyň birnäçe alyja jerime salandygyny belledi.




2018-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanda çilimiň bahasy azyndan üç gezek gymmatlap, bir gutusynyň nyrhy 19 manatdan 30 manada çykypdy.


Türkmenistanda döwlet dükanlarynda çilim aýallara satylmaýar.  


Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary harytlary resmi taýdan kesgitlenen we bazardaky nyrhdan arzan satýan döwlet dükanlarynyň öňünde nobatlar yzygiderli saklanyp gelýär. 


"Adamlar her gün daňdan dükanynyň howlusyna barýarlar. Bir tarada çilimiň satylmagyna garaşýanlar duran bolsalar, beýleki tarapda ýene bir nobat "Ahal" ýagynyň satylmagyna garaşyp durandyr" diýip, habarçymyz belledi.


Soňky bir ýyla golaý wagtyň dowamynda Türkmenistanyň ilaty çäklendirilen görnüşde satylýan çörek, un, pagta ýagy, şeker, ýumurtga ýaly esasy azyk önümlerini satyn almak üçin uly nobatlara durmaly bolýar.


Şu günki gün Aşgabadyň döwlet dükanlarynda çörek her adam başyna iki buhankadan köp satylmaýar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

 

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.







Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net