Мы в Telegram
Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Январь
2019

Bankdan pul ugratmagyň we öýlerde ölçeýjileri oturtmagyň arasynda nähili baglanyşyk bar?

0
Bankdan pul ugratmagyň we öýlerde ölçeýjileri oturtmagyň arasynda nähili baglanyşyk bar?

Daşogzuň banklarynda daşary ýurtlarda okaýan studentleriň bank hasaplaryna pul geçirmek isleýänlerden ýaşaýan ýerinden resminama talap edip başladylar.

Bu barada habar berýän "Türkmenistanyň Hronikasy" neşriniň maglumatyna görä, banklarda talap edilýän sprawkany raýatlaryň ýaşaýan ýerindäki öý dolandyryş edaralary berýärler, emma bu sprawkany almagyň hem öz şertleri bar. Öý dolandyryş edaralaryň işgärleri özlerinden soralýan sprawkany bermek üçin gaz, suw we tok ölçeýjileriň oturdylandygy barada kommunal gulluklardan (şäheriň suw, gaz we elektrik edaralaryndan) resminama getirilmegini talap edýär.  

"Elektrik edarasynda sprawkany bermekden öň adamlardan elektrik togunyň wagtynda tölenendigi we täze görnüşli elektron ölçeýjileriň oturdylandygy hakynda dokument soraýarlar" diýip, neşir habar berýär we bu talabyň birnäçe ýyl mundan öň dörändigini, eger talap edilýän gural bolmasa 300-700 manat möçberinde jerime salynýandygyny belleýär. 

Türkmenistanda ýaşaýyş jaýlarda kommunal hyzmatlaryň sarp edilişini hasaplaýan ölçeýjileri köpçülikleýin oturmak boýunça kampaniýa geçen ýylyň güýzünde has güýçlendi.

Prezidentiň gaz, suw we elektrik energiýasynyň mugtçulygyny doly ýatyrmak barada sentýabrda yglan eden kararynyň yzýany ölçeýjileriň oturdylmagyna gözegçilik häkimlikler we kanun goraýjylar tarapyndan üpjün edilýär. Munuň bilen baglylykda ýaşaýjylaryň öz öýerinde gazy, suwy, togy ölçemek boýunça gurallary öz hasabyna gyssagly oturtmagy üçin dürli basyşlar edilýär.   

Mundan öň Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary ýaşaýjylara öz öýlerinde ölçeýjileriň oturdylandygyny subut etmezden, döwlet edaralaryndan resminama, şol sanda iş ýerinden kagyzlar berilmeýändigini habar beripdi. 

Azatlyk Radiosynyň söhbetdeşleriniň sözlerine görä, ýaşaýan ýerinden resminama ýurtda köp ýerde talap edilýän dokument bolup durýar, ol dürli meseleler boýunça döwlet edaralarynyň ençemesine ýüz tutulanda soralýar.  

Şol bir wagtda-da, studentleriň Türkmenistanyň banklarynda açylan hasaplaryna pul goýmak ýurduň daşyna pul ugratmagyň ujypsyz mümkinçilikleriniň biri bolup durýar. Ýurtda tiz pul geçirmek hyzmaty soňky ýyllarda çürt-kesik çäklendirildi, käbir kompaniýalar, şol sanda "MoneyGram" işini bes etdi. "Western Union" öz hyzmatlaryna çäklendirmeleri girizdi.

 

Soky bir ýyldan gowrak döwrüň dowamynda daşary ýurtlarda okaýan türkmenistanly studentler türkmen banklaryndaky hasaplaryna puluň geçirlen ýagdaýynda-da puluny çekmekde kynçylyk çekýärler.

Türkmenistanyň banklarynyň öz müşderileriniň ýurduň daşynda bankomatlardan çekip bilýän pulunyň mukdaryna girizýän resmi çäklendirmelerinden daşary, kartlar ýygy-ýygydan sebäbi düşündirilmezden işlemän galýar. Şu sebäpden türkmenistanly studentleriň daşary ýurtlarda aç galýan we dürli çykalgalary gözleýän pursatlary hem seýrek däl. 

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy indirip bilersiňiz.

 

Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Собянин: выборы в Мосгордуму будут серьезным экзаменом


Спорт в России и мире
Москва

Площадь пожара в здании у метро «Динамо» в Москве составляет 400 квадратов


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
Ролан Гаррос

Испанец Алькарас выиграл Открытый чемпионат Франции по теннису


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

РЭО назвал топ-3 регионов по количеству пунктов приема вторсырья





Путин в России и мире
Москва

Владимир Путин, Дмитрий Медведев, Анатолий Голод: ПРИЗНАНИЕ НАТО НАДО ПРИМЕНЯТЬ!


Лукашенко в Беларуси и мире
Минск

Пашинян предложил Лукашенко извиниться перед армянами из-за слов про Карабах. Что на это ответили в Белоруссии?




123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире
Киев

США обязаны передать Киеву "эскадрильи истребителей", заявил Зеленский


Навальный в России и мире


Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Ольга Бузова

Сарафан для Бузовой: необычный подарок подготовил для певицы житель Новосибирска



Москва

Дело следователей о получении рекордной взятки, поступило в суд

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net