AÝ/AR 'daşary ýurt agenti' jerimesinden Orsýetiň Baş suduna şikaýat etdi
AÝ/AR-nyň bu kararyna onuň jerimäni güýjünde saklamak hakynda etrap sudunyň 21-nji awgustda çykaran kararyndan Moskwanyň şäher suduna eden şikaýatynyň 13-nji dekabrda ret edilmeginden soň gelindi.
Sud AÝ/AR-na jerime salynmagyna onuň Orsýetde alyp barýan işleri barada Ýustisiýa ministrliginiň 2017-nji ýylda girizen düzgünlerine laýyk hasabat bermekdäki kemçilikleriniň sebäp bolandygyny aýtdy.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň 2017-nji ýylyň noýabr aýynda gol çeken kararyna esaslanýan düzgünler hökümete daşary ýurtlaryň maliýe serişdelerine işleýän media guramalaryna 2012-nji ýylda inisiirlenen "daşary ýurt agentleri" hakyndaky kanuna esaslanýan talaplary öňe sürmäge rugsat berýär.
Mundana öň şeýle düzgünler daşary ýurtlaryň maliýe serişdelerine işleýän we syýasy işlere gatnaşýar diýip, hasaplanan hökümete degişli bolmadyk guramalar babatynda hem girizilipdi.
