Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2018

Türkmen pensionerleri sosial üpjünçilik edarasynda özleriniň diridigini subut etmeli

0
Türkmenistanyň pensionerleri yzygiderli häsiýetde sosial üpjünçilik edarasyna (sobese) baryp, özleriniň diridigini subut etmäge borçly.


Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, düzgün ýarym ýyl mundan ozal güýje giripdir, emma adamlar özlerinden edilýän bu nobatdaky talap barada köplenç özlerine pensiýalarynyň berilmedik halatynda bilip galypdyr.


“Düzgün pensionerleriň plastik kartlara geçirilip başlan pursadyndan güýje giripdir. Emma şonda adamlara ozleriniň ölmändigi barada baryp, hökman tassykladyp gaýtmalydygy barada köpçüligi habarly etmediler. Birinji gezek pensiýalaryň kartlara üç gezek geçirilmeginden soň sobese barmaly. Ikinji we ondan soňky gezeklerinde sobese her 6 aýdan baryp durmaly. Men bu barada permanyň görkezilmegini soradym, görkezmediler” diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy aýdýar.




Bu düzgün türkmen hökümetiniň şu ýylyň baharyndan bäri amala aşyrýan pension reformasynyň bir bölegi bolup durýar.


Ýatlatsak, türkmen pensionerlerine pensiýa hakynyň nagt görnüşde berilmeginiň ýatyrylyp, bank kartlaryna köpçülikleýin geçirilmegi şu ýylyň maý aýynda başlanypdy.


Birnäçe aýyň dowamynda raýatlaryň tas ähli kategoriýalary nagt bolmadyk hasaplaşyga geçirildi.


1-nji iýuldan başlap 70 ýaşyna ýetmedik raýatlaryň pensiýalary plastik kartlara geçirildi, emma sentýabrda ýaşy 70-den ýokary pensionerler hem öz pullaryny nagt görnüşde almak mümkinçiliginden mahrum boldy.







Azatlyk Radiosynyň gürrüňdeşleriniň sözlerine görä, köpçülik öz pensiýalarynyň kartlara geçirilendigini diňe pensiýasy gelmänsoň bilip galypdyr.


Pensionerleriň aýtmagyna görä, ilat ne ýazmaça, ne-de dil üsti bilen habarly edilipdir, hatda degişli edaralara ýüz tutulanda pensionerlere kararyň ýazmaça görnüşi görkezilmändir.


Munuň bilen bir wagtda, soňky birnäçe aýyň dowamynda pensionerler pensiýalarynyň kartlara gijikdirilip geçirilmegi, şeýle-de bankomatlardaky pul ýetmezçiligi sebäpli geçirilen puly nagtlaşdyrmakda kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldular.







Häzirki talaplara görä, türkmen pensionerleri özleriniň diridigini häkimiýetlere subut etmek üçin her ýarym ýylda bir gezek sosial üpjünçilik edarasyna gatnamaly bolýarlar. Pensionerleriň sözlerine görä, gartaşan adamlaryň hut özleriniň baryp görünmegini talap edýän düzgün köpüsine fiziki hem ruhy taýdan agyr düşýär.


“Men birinji gezek iýul aýynda baryp göründim. Barmaly ýeri etrap sobesi. Bellemeli ýeri hut özüň barmaly. Bu oňaýsyz we ruhy taýdan ýakymsyz” diýip, aşgabatly pensioner Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.




Türkmenistanda pensiýalaryň möçberi ýylda 10% ýokarlandyrylýar.


Emma pensionerleriň sözlerine görä, bahalaryň ýokarlanmagynyň we puluň hümmetiniň gowşamagynyň häzirki depgini hasaba alnanda, pensiýalaryň artdyrylmagynyň täsiri duýulmaýar. Üstesine ýurtdaky agyr işsizlik zerarly käte garrylaryň pensiýalary tutuş maşgalalaryň oňşugy üçin ýeke-täk girdeji bolup durýar.




​Türkmenistanda minimal pensiýanyň resmi möçberi 72 dollara barabar bolup, tutuş Merkezi Aziýa regiony boýunça iň pesleriň biri hasaplanýar.


Soňky wagtda Türkmenistanyň paýtagtynda dilegçilik edýän we zir-zibilleri dörýän adamlaryň ýygy-ýygyndan göze ilýändigini, olaryň arasynda gartaşan adamlaryň hem köpelendigini Azatlygyň habarçylary we garaşsyz habar çeşmeleri habar berýärler.


Türkmenistanyň hökümeti sosial-ykdysady problemalary açyk agzamaýar, tersine döwlet girdejileriniň ösýändigi we ykdysady durnuklylyk barada aýdýar.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net