Owganystanda prezidentlik saýlawlaryny yza süýşürmek planlaşdyrylýar
Garaşsyz Saýlaw Komissiýasy 20-nji aprele planlaşdyrylan saýlawlaryň üç aý möhlet bilen yza süýşürilmeginiň mümkindigini, emma bu ugurdaky gepleşikleriň häzir diňe başlangyç tapgyrdadygyny hem mälim etdi.
Oktýabrda geçirilen parlament saýlawlarynda ýüze çykan tehniki we logistiki meseleler sebäpli, ol ýiti tankyda uçrapdy.
Häzire çenli ses berilişigiň deslapky netijeleri Owganystanyň 33 welaýatynyň diňe 10-synda yglan edildi.
