Owganystanyň Parahatçylyk boýunça Ýokary Geňeşi, “Talyban” Moskwadaky gepleşiklere öz wekillerini ýollarlar
Bu häzir ABŞ-nyň “Talybany” Kabul bilen gepleşiklere çekmek ugrunda tagalla edýän döwri bolup geçýär.
Owganystanyň Parahatçylyk boýunça Ýokary Geňeşi Moskwa özüniň dört wekilini ýollajakdygyny mälim etdi.
“Talybanyň” syýasy edarasy hem Azatlyk Radiosyna bu gepleşiklere gatnaşjakdygy barada maglumat berdi. Emma, olar muny “parahatçylyk ugrundaky resmi gepleşikler” hökmünde häsiýetlendirmeýändigini hem bellediler.
Owganystanyň Daşary işler ministrligi Russiýadaky konferensiýa öz wekilleriniň gatnaşyp-gatnaşmaýandygy barada häzirlikçe belli zat aýtmady.
