Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Ноябрь
2018

Aşgabatda ogryn satylýan çilimiň bahasy ýene 40% ýokarlandy

0
Türkmenistanyň paýtagtynda şu günki gün çilim diňe hususy dükanlarda ogryn ýoldan satylýar. Munuň bilen bir wagtda çilimiň bahasy ortaça hasapdan 40% çemesi ýokarlandy, kanuny goraýjylar köçelerde çilim çekýän we çilim dilegçiligini edýän adamlara gözegçiligi amala aşyrýar. 


Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysynyň 5-nji noýarbda habar bermegine görä, şu günki gün çilimi şäheriň diňe sanlyja hususy dükanlarynda satyn almak mümkin.


"Çilim diňe belli bir dükanlarda, şol sanda Aşgabadyň Berkararlyk etrabynda, "Parahat" etrapçasynyň sanlyja dükanlarynda satylýar. Çilimiň bahasy - döwlet tarapyndan resmi derejede import edilýän we ýüzünde türkmen dilinde ýazgy we reklama suratlary ýerleşdirilen çilimiň bir gutusy 78-82 manada satylýar. Bu çilimiň hili pes. Has ýokary hilli daşary ýurtly çilimleriň bahasy 105-130 manat aralygynda" diýip, habarçymyz aýtdy.


Türkmenistanda ortaça aýlyk 715 manada barabar. 


Habarçylarymyz sözlerine görä, Türkmenistanda çilimiň bahasy soňky bir aýa golaý wagtyň dowamynda ortaça hasapdan 40% çemesi gymmatlady. Bu ýagdaýda çilimi bir-birden satyn almak tejribesi hem ýaýbaňlanýar, emma bir birden satylýan çilimiň bahasy hem ýokarlanyp, şu günki gün Aşgabatda iň arzan bir çilimiň bahasy 5 manada ýetipdir.   


Şeýle-de, elde ýasalan temmäkiniň we nasyň bahasynyň ýokarlanandygyny habarçylarymyz belleýärler. 


Türkmenistanda nasyň we elde ýasan temmäkini söwdasyna gadagançylyk bar. Bu söwda gizlin ýoldan amala aşyrylýar. 




Türkmenistanda resmi çilim söwdasy we importy doly döwletiň gözegçiliginde saklanýar. 2017-nji ýyldan bäri çilim söwdasy Söwda we daşary gatnaşyklar ministrliginiň garamagynda. Türkmenistan üçin daşary ýurtlarda öndürilýän çilimiň hiline Saglygy saklaýyş we derman senagaty ministrligi we "Tükmenstandartlary" döwlet edarasy gözegçilik edýär.


Şol bir wagtda-da döwlet dükanlarynda çilim soňky iki ýylyň dowamynda wagtal-wagtal peýda bolýar.


Soňky gezek çilim oktýabryň aýagynda we noýabryň başynda jemi dört günüň dowamynda sanlyja sagatlap satyldy. Bahasy 25 manatdan. Her adama bir gutudan satyldy. Nobatlar dükanlaryň arka tarapynda boldy we çilim söwdasyna polisiýa we howpsuzlyk gulluklarynyň işgärleri gözegçilik edýär, bu kameralara ýazga alynýar" diýip, Azatlygyň habarçysy gürrüň berdi.  




Munuň bilen bir wagtda, hususan-da paýtagtda köçelerde çilim dileýän adamlar ýygy-ýygydan duş gelýär. Çilim dilegçilerine we umuman köçede çilim çekýänlere garşy polisiýa tarapyndan çäre görülýär. 


"Şu günki gün iki adam bolup bir çilimi satyn alyp jaýlaryň arka tarapynda çekip oturan adamlary gören polisiýa olary saklaýar, käte raýat eşikli adamlar gelip olary polisiýa äkitjek diýýärler. Şeýle-de, awtoduralgalarda öz ulagynyň içinde çilim çekip oturan adamlar babatynda hem çäre görülýär. Polisiýa äkitmek haýbaty bilen olaradan 10-50 manat aralygynda jerime alýarlar" diýip, Aşgabatdaky habarçymyz gürrüň berdi.







Türkmenistanda açyk satuwdaky çilim gytçylygy 2017-nji ýyldan bäri dowam edýär. Döwlet dükanlarynda birnäçe aýdan bir gezek çilim satylanda uly nobatlar, basa-baslyk döredýär.


Soňky iki ýylyň dowamynda çilim söwdasyna resmi çäklendirmeleriň birnäçesi girizildi. Hususan-da, aýal maşgalara çilim satylmaýar. Raýatlaryň ýurda çilim getirmegine degişli gümrük düzgünleri pugtalandyryldy. Her adamyň daşary ýurtdan getirmegine rugsat berilen çilimiň mukdary 20 gutudan iki guta getirildi.


Türkmenistanyň hökümeti çilim babatyndaky öz çäklendirmeleri bilen BMG-niň Bütindünýä Saglyk guramasy tarapyndan iň az çilim çekýän ilatly ýurt diýen adyň berilmegine eýe boldy.


Türkmenistanda çilime garşy göreş prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň inisiatiwasy boýunça amala aşyrylýar. Türkmen hökümeti 2025-nji ýyla çenli ýurdy çilimden doly azat etmegi planlaşdyrýar.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net