ABŞ nebitiň bahasynyň ýokarlanmagynyň öňüni almak üçin özüniň nebit rezerwinden peýdalanmaz
Dünýäde hökümet eýeçiligindäki iň uly nebit ätiýajy hasaplanýan Birleşen Ştatlaryň Strategik nebit rezerwinden nebit çykarmak nyrhlaryň saklanmagyna diňe “ujypsyz we gysga möhletleýin täsir eder” diýip, Perri 26-njy sentýabrda Waşingtonda eden çykyşynda aýtdy.
Şu ýylyň maý aýynda Tramp dünýäniň iň kuwwatly ýurtlary bilen Tähranyň arasynda 2015-nji ýylda gelnen ýadro ylalaşygyndan yza çekilýändigini we Eýrana garşy ykdysady sanksiýalary gaýtadan dikeldýändigini yglan edensoň, nebitiň bahasy ýiti derejede gymmatlady.
Şu hepde Londonda nebitiň “Brent” markasynyň bahasy 82,55 amerikan dollaryna çenli ýokarlandy. Bu 2014-nji ýylyň noýabr aýyndan bäri iň ýokary görkezijidir.
