Ýokary suda hödürlenen kandidaty jynsy hüjümde aýyplan aýal FBI derňewini talap edýär
Senat komiteti Kawanawyň knadidaturasyny tassyklamagy eýýäm soňa goýdy we onuň öz aýyplaýjysy Kristin Blazi Ford (Christine Blasey Ford) bilen bilelikde görkezme berjek jemgyýetçilik diňlenişigini planlaşdyrdy.
Emma Ford 18-nji sentýabrda çap edilen hatynda Senet komitetinde çykyş etmäge razylyk bermezinden öň öz aýdan zatlarynyň FBI tarapyndan derňelmegini isleýändigini aýtdy.
Häzir Kaliforniýada kollež professory bolup işleýän Ford Kawanawy 1982-nji ýylda, ikisi hem ýokary mekdebiň studenti bolan wagtynda, özüne jynsy hüjüm etmekde aýyplady.
Prezident Donald Trampyň sudýalyga hödürlän ikinji kandidaty bolan Kawanaw bu aýdylýanlary ret etdi.
