Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2018

'Daşoguzda petikli telekanallary, interneti açyp berýän ussalar tussag edilýär'

0
Daşoguzda hususy hojalyklardaky antennalary sazlamak we daşary ýurtlaryň telekanallaryny düzüp bermek bilen meşgullanýan ussalaryň tussag edilýändigini Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy aýdýar.    


"Şu günki gün daşary ýurtlaryň telekanallarynyň kodlaryny tölegli açyp berýän ussalary organ işgärleri ýygnap, tussag edip başladylar" diýip, Daşoguzdaky habarçymyz habar berdi. Onuň sözlerine görä, hususy ussalar daşary ýurtlaryň petiklenen sputnik telekanallarynyň tölegli hyzmatlaryny, şol sanda dünýäniň kino we sport telekanallaryny elýeterli bahadan açyp berýärler. Munuň ortaça bahasy aýda 15 manada durýar.


Şeýle-de, habarçymyzyň bellemegine görä, ussalar ýurtda petikli interneti, şol sanda Telegram ýaly sosial ulgamlaryny ulanmak üçin mobil telefonlaryna VPN ýükläp berýärler.  


Habar berilýän bu ýagdaýy resmi çeşmelerden tassyklatmak we jikme-jik maglumatlary almak Azatlyk Radiosyna başartmady. 




"Orsýetiň "Raduga" sputnigi Türkmenistana berýän signalyny 2014-nji ýylda ýatyrdy, 2017-nji ýylda Orsýetiň "Telekarta" sputnik telewideniýesiniň görkezilmegi togtadyldy. Bu ýagdaýda antennalary düzüp berýän kärhanalaryň birnäçesi öz işini togtatdy, hususy ussalar işläp başlady" diýip, Azatlygyň Daşoguzdaky habarçysy gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda, hususan-da Daşoguzda Orsýet telekanallarynyň ençemesi işlemeýär. 


Munuň öňüsyrasynda Türkmenistanyň paýtagtynda orsýet telekanallarynyň ençemesiniň görkezilmeginde bökdençlik döräpdi we bu ýagdaý üç gün dowam edipdi. 


Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy merkezleşdirilen kabel telewideniýesiniň müşderilerine Orsýetiň ençeme telekanalynyň elýeterli däldigini 3-nji sentýabrda habar beripdi. 


"IPTV paketine girýän "kabel telewideniýesi" diýilýän telekanallaryň ençemesi ulanyjylara elýeterli däl, şol sanda "Orsýet-24", "Zwezda" we güýmenje telekanallarynyň birnäçesi" diýip, habarçymyz 3-nji sentýabrda habar beripdi we telekanallaryň elýeterliligindäki bökdençligiň Türkmenistanyň "AşTU" we "Türkmentelekom" döwlet prowaýderleriniň ikisi tarapyndan hödürlenýän hyzmatlarynda dörändigini belläpdi. 


Aşgabatda kabel telewideniýesi arkaly Orsýetiň telekanallary görkezilmegi 4-nji sentýabrda agşam dikeldilip başlandy. 




Häzirki wagtda Türkmenistanda 100-e golaý daşary ýurt tele-radiokanallary döwlet tarapyndan IP TV arkaly üpjün edilýär. Şol bir wagtda-da, IP TV ýurduň welaýatlarynyň uly böleginde elýeterli däl. Hususan-da, Daşoguzyň çäginde munuň üçin zerur öý telefon liniýalarynyň ilatyň diňe 5.9 %-niň hojalyklaryna çekilendigini, şol sebäpden sebitde halkyň agramly bölegine IP TV mümkinçilikleriniň elýeterli däldigini habarçylarymyz aýdýarlar.


Soňky ýyllaryň dowamynda, Türkmenistanda ilatyň özbaşdak oturdýan çanak antennalaryna garşy göreş alnyp barýar.


Tomsuň başynda häkimiýetleriň çanak antennalara garşy görýän çäreleriniň şäherlerden oba ýerlerine baryp ýetendigi mälim boldy. Ýerli häkimiýetleriň daşary ýurtlaryň telekanallaryny görmek üçin şert döredýän çanak antennalary aýyrmaga ýaşaýjylary mejbur etmek bilen bir wagtda, ilat arasynda gürrüňdeşlik geçirip, çanak antennalary gurmazlygy, mundan ozal bar bolan antennalary derhal aýyrmagy tabşyrýandygyny Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylary we gürrüňdeşleri habar beripdi.  





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net