Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Сентябрь
2018

Türkmenistanda pensiýasyny nagt almaga hukukly pensionerler pulsuz galdy

0
Türkmenistanda ýaşy 70-den geçen we resmi düzgüne görä, pensiýa pullaryny nagt görnüşde almak hukugyna eýe bolan pensionerler, sentýabrda öz puluny alyp bilmediler diýip, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy aýdýar. 


Onuň sözlerine görä, ýaşy 70-den geçen pensionerler öz pullaryny almak boýunça düzgüniň ýene-de üýtgändigini şu aýyň başynda bilip galypdyr. 


"Sentýabryň ilkinji günlerinde ýaşy 70-den geçen we ozal pensiýasyny plastik kartyna geçirmän, banklaryň kassalarynda almak hukugyna eýe bolan pensionerler öz hasaplaryna puluň geçirilmändigini we pensiýalaryny karta geçirmäge borçludygyny bilip galdylar. Bu geçiş wagt talap edýär, şeýdip, adamlar belli bir wagtlap gününi görmek üçin pulsuz galdylar" diýip, Azatlygyň habarçysy aýdýar.


Onuň sözlerine görä, şikaýat bilen häkimiýetlere ýüz tutýan pensionerlere täze düzgüniň girizilendigini dilden aýdýarlar, emma ýazmaça resminama görkezmeýärler.




Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, häzirki wagtda pensiýalaryny plastik kartlaryna ozal geçiren pensionerler hem pullaryny wagtynda almakda kynçylyk çekýärler. 


"Pensiýalaryny plastik kartyna geçiren has ýaş pensionerleriň hem ençemesi sentýabr üçin pulunyň geçirilmändigine ýüzbe-ýüz boldular. Olaryň sobesde [sosial üpjünçilik bölüminde] hasaba durmandygyny aýtdylar. Pensionerleriň her üç aýdan bir gezek dokumentleri bilen sobese baryp, özleriniň diridigini subut etmäge borçludygy barada düzgün bar ekeni, emma mundan köpler habarsyz" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy aýtdy. 


Türkmenistanyň häkimiýetleri ilatyň pensiýa töleglerini bank kartlaryna geçirmek prosesine şu ýylyň maý aýynda başlapdy. Şonda pensiýalaryny nagt görnüşde almak mümkinçiligi diňe ýaşy 70-den geçen raýatlara berlipdi, galanlary öz pensiýalaryny plastik kart açyp, şonuň üstünden nagt bolmadyk görnüşde almaly edildi. 


1-nji iýulda güýje giren resmi düzgüne görä, ýaşy 70 ýetmedik raýatlar bank kartlaryna geçirildi. Munuň bilen bir wagtyň özünde-de, pensionerler, sebäbi düşündirilmezden pensiýalaryň gijikdirilmegine duçar boldular. 


Türkmenistanda pensionerleriň döwlet tarapyndan berilýän puly almakda çekýän kynçylyklary döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleriniň aýlyklarynyň hem gijikdirilýän wagtyna gabat geldi.  




​Munuň bilen bir wagtda, garaşsyz synçylar Türkmenistanyň paýtagtynda soňky döwürde dilegçilik edýän adamlaryň köpelendigini, olaryň arsynda gartaşan adamlaryň köp göze ilýändigini belleýärler.


"Ýedi ýaşyndaky çagalar, pensionerler açlyk zerarly adamlaryň öýlerine aýlanyp, iýmit, şol sanda kartoşka, sogan soraýarlar" diýip, “Türkmenistanyň alternatiw habarlar” ​neşri awgust aýynda ýazdy. 


Aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýew dilegçilik edýän adamlaryň arasynda maýyplyk arabasyndaky mümkinçiligi çäkli adamlaryň, ýaş ýetginjekleriň, çagalaryň, erkek adamlaryň bardygyny, ýöne soňky döwürde gartaşan aýallaryň has köp göze ilýändigini we olaryň gapylary kakyp, öýlere aýlanýandygyny belleýär.


Türkmenistanda "Bagtyýarlyk" döwrüni yglan eden ýurt ýolbaşçylary dowam edýän sosial problemalary resmi taýdan boýun almaýarlar.    


Ýurduň ilaty bolsa, azygyň gytçylygy we gymmatlamagy bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Döwlet dükanlarynyň öňünde çörek, un, şeker we pagta ýagyny satyn almak isleýänleriň nobatlary dowam edýär. Ýurtdaky agyr işsizligiň fonunda ilatyň işlemäge ukyply ilaty ýurduň daşynda gazanç gözlemäge mejbur bolýar.









Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net