Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Июль
2018

Türkmenistanyň resmi mediasy ýurduň ilkinji gezek kompýuter öndürip başlandygyny habar berýär

0
Türkmenistanda ilkinji gezek kompýuterleriň önümçiligi ýola goýuldy. Bu barada türkmen hökümetiniň 2018-nji ýylyň birinji ýarymynyň netijelerine bagyşlanyp, 5-nji iýulda geçirilen giňeldilen maslahatynda aýdyldy.


Читайте также на русском

Resmi medianyň maglumatyna görä, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda ilkinji gezek kompýuterleriň önümçiliginiň özleşdirilmeginiň "ykdysadyýetiň infrastrukturasyny sifirleşdirmek programmasynyň" mundan beýläk ösüşi üçin gowy esas döredendigini belledi. 


Käbir media maglumatlarynda Türkmenistanda öndürlen kompýuterleriň sanynyň 100 müňdigi habar berilýär.   




Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň, Transport we aratnaşyk döwlet institutynyň wekilleri, şeýle-de türkmen işewürleriniň birnäçesi geçen ýylda Hytaýa sapar edip, kärdeşleri bilen tejribe alyşdylar diýip Arzuw neşri habar berýär we öz tarapyndan Hytaýyň kompýuter öndürijileriniň türkmen alymlarynyň döreden guralynyň ýokary derejede berkligini we netijeliligini belländigini ýazýar. 


Emma Türkmenistanyň resmi mediasynyň we beýleki habar serişdeleriniň maglumatlarynda ýurtda öndürlen kompýuterleriň tehniki mümkinçilikleri, bahasy we ondürijisi barada habar berilmeýär.   


Türkmenistanyň hökümeti ozal ýurtda noutbuklary öndürmek planynyň bardygyny mälim edipdi.


Şu ýylyň başynda resmi habar beriş serişdeleri ýurduň "Aýdyň gijeler" atly kärhanasynyň noutbuk we planşet ýaly ýan kompýuterleri öndürmek planlary barada habar beripdi. Senagat ministrliginiň "Türkmenmaşynstroý" konserniniň şeýle-de Senagatçylar we telekeçiler bileleşiginiň "Täze zaman gurluşykçy" atly hususy kärhanasynyň ýardamy bilen döredilen "Aýdyň gijeler" atly bu bileleşik LED lampalaryň we swetodiod yşyklandyryjylaryň önümçiligi bilen meşgullanýar.      




Türkmenistanyň habar serideleri şu günki gün ýurduň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň we jemgyýetiň sosial durmuşynyň kompýuterleşdirilmegine, şeýle-de ilatyň kompýuter ugrundan sowatly bolmagyna ilkinji derejede üns berilýändigini aýdýarlar.     


2011-nji ýyldan bäri ýurduň orta mekdeplerine barýan birinji klas okuwçylaryna prezidentiň adyndan noutbuk kopýuterlerini bermek däbi dowam etdirilýär. Hususan-da, 2017-nji ýylda hökümetiň permany bilen okwuçylar üçin 140 müňden gowrak noutbukyň satyn alynjagy habar berlipdi. Okuwcylar üçin kompýuterler Hytaýdan satyn alnypdy.  


Resmi maglumatlarda noutbuklaryň okuwçylara hususy ulanylyş üçin sowgat berilýändigi aýdylan bolsa-da, çagalaryň ene-atalarynyň we mekdep mugallymlarynyň ençemesi okuwçylara berilýän noutbuklar üçin pul alynýandygy we olary mekdepde galdyrmagyň talap edilýändigini gürrüň berdiler.


Türkmenistanyň hökümetiniň 5-nji iýulda geçiren maslahatynda aýdylyşyna görä, kompýuterleriň öndürilmegi milli ykdysadyýetiň ugruny üýtgetmek boýunça çäreleriň çäginde, şol sanda milli önümler bilen daşary ýurtly önümleriň öwezini dolmak we eksporta niýetlenen harytlary çykarmak ýaly maksatlara görä ýola goýlupdyr.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net