Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Июль
2018

Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň suw kösençligi dowam edýär

0
Aşgabatda ýaňy-ýakynda birnäçe günläp suwsuz oturan ýaşaýyş jaýlaryna berilýän suwuň ak reňkli we çägeli gelýändigini, onuň içmäge asla ýaramaýandygyny Aşgabadyň ýaşaýjylary aýdýarlar. 


"Parahat-1 mikroraýonynda kesilmeginden soň gaýtadan berilýän suwuň hili örän ýaramazlaşdy - ol diňe bir bulamak bolman, eýsem köplenç düýpden dury däl, içi çägeli we ownuk jisimli" diýip, Parahat etrapçasynyň ýaşaýjysy 12-nji iýulda Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.


Читайте также на русском

Parahat-1 we Parahat-2 etrapçalarynda ýerleşýän ýaşaýyş jaýlaryň suw üpjünçiliginiň 29-njy iýunda kesilendigini we bu ýerde ýerleşýän onlarça ýaşaýyş jaýyň ýaşaýjylarynyň azyndan üç günläp düýpden suwsyz oturandygyny ýerli ýaşaýjylar we Azatlygyň habarçylary 2-nji iýulda habar beripdi. Şonda suw üpjünçiligine jogapkär guramalarda suwuň öçürilmeginiň sebäbini gurallaryň tehniki näsazlygy bilen düşündirip, zerur dikeldiş işleriň geçirilýändigini aýdypdylar.         




Şol bir wagtda-da, agzalan etraplaryň ýaşaýjylarynyň suw ýetmezçiliginden kösençlikleri şu günki güne çenli dowam edýär. 


Azatlygyň habarçylarynyň sözlerine görä, häzirki wagtda ýaşaýyş jaýlara suwy gündizlerine berip, gijelerine öçürýärler.       


Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy, häzirki wagtda şäher häkimiýetleriniň suw üpjünçiliginiň kesilmeginiň sebäbi barada resmi düşündiriş bermeýändigini aýtdy, emma özüne mälim bolşuna görä, suw üpjünçiliginiň kesilmeginiň maý aýynda suw alan "protokol köçeleri" diýlip, atlandyrylýan merkezi ýollaryň ugrunda ýagyş suwlaryny çekiji sistemanyň gurluşygy bilen baglydygyny habar berdi. 


​"Munuň üçin olar wagtlaýyn suw geçirijileri gurdular, olaryň üstünden bize suw akdyrylýar, sebäbi ozalky geçirijileriň ýerini üýtgetmeli boldular. Şonuň üçin onuň belli bir bölegini bejermek üçin her gije suwy kesýärler. Häzirki wagtda ýagyş suwlaryny çekiji sistemanyň gurluşygy Sowetskaýa (häzirki ady Garyşsyzlyk şaýoly - red.) we Podwoýskowo (Bitarap Türkmenistan şaýoly- red.) köçelerinde, belli bir böleklerde, suwuň üýşmeginiň töwekgelçiligi bolan ýerlerde alnyp barylýar" diýip, habarçymyz aýdýar. 




Habarçymyzyň bilermenlere salgylanyp aýtmagyna görä, agzalan köçelerde ýagyş suwlaryny çekiji sistemanyň gurluşygy gazuw işlerini talap edýär, şu sebäpden ýaşaýyş jaýlara barýan turbalaryň ýerini üýtgetmeli bolýar we suw kesilýär. Sebäbi öňki turbalar geçirilýän işlere päsgel berýär, olar ýagyş suwlaryny çekiji sistema hem-de täze kanalizasiýa liniýalaryna gabat gelýär.  


Şeýle-de, Azatlygyň söhbetdeşleri işleriň belli bir böleginiň "protokol köçelerinde" geçirilmeginiň işiň depginini haýalladýandygyny bellediler.


"Işler birnäçe sagat gündizlerine hem gije geçirildi, sebäbi bu ýerden prezidentiň geçmegi mümkin diýip, onuň goragçylary işçileri ýöne kowalady ýördi" diýip, Azatlygyň söhbetdeşi belledi.      


Bu habar berilýän ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosy Aşgabadyň häkimiýetlerinden resmi kommentariý alyp bilmedi.


Öz tarapyndan resmi media maglumatlarynda Türkmenistanyň paýtagtynyň suw üpjünçilik sistemasynyň tas doly derejede täzelenendigi we ekologiýa prinsipleriniň esasynda işleýändigi habar berilýär. 




Aşgabadyň suw üpjünçiligine jogapkär "Aşgabatagyzsuw" bileleşiginde Azatlyk Radiosyna habar berilmegine görä, şähere suw üç ýerden gelýär: Gämidäki kärhanalar Garagum kanalyndan alnan suw bilen şäheriň bir bölegini, şol sanda Parahat etrapçalaryny üpjün edýärler, şäheriň ýene bir bölegine “90 Razýezd” diýlip atlandyrylýan, häzirki ady Ruhabat şäherçesindäki suw kärhanasyndan gelýär; ýene bir suw kärhanasy Bekrewede ýerleşýär.


Bilermenleriň sözlerine görä, Bekrewedäki kärhananyň Köpetdagyň etegindäki çeşmelerden akdyrýan suwy esasan Aşgabadyň täze gurlan ýokary oňaýlykly ýaşaýyş jaýlaryna we şäheriň köp sanly suw çüwdürimlerine eltilýär. 


Türkmenistanyň paýtagty özüniň suw çüwdürimleriniň köplügi boýunça dünýä derejesinde öňe saýlanyp, Guinness rekordlar kitabyna girdi.   


Şol bir wagtda-da, ýurtda satuwdaky agyz suwy soňky bir ýylyň dowamynda üç esse gymmatlady we ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, köpler üçin elýeterli däl. 





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net