Britan lukmanlary Sergeý we Ýuliýa Skripalyň diri galjagyna garaşmandyr
“Biz munuň nerw maddasy bolandygyny anyklanymyzda olaryň diri galmajagyny çak etdik. Biz ähli bejeriş usullary ulandyk. Biz ähli kliniki kömegi berjaý etdik. Emma ähli alamatlar olaryň diri galmajagyny görkezi” diýip, Stephen Jukes BBC agentligine beren interwýusynda aýtdy.
Sergeý we Ýuliýa Skripal 4-nji martda Salisbury şäherinde huşsuz tapylyp, keselhana eltilipdi. Olaryň keselhana düşen badyna aşa möçberdäki neşe maddalaryndan zäherlenen bolmagynyň çak edilendigini, emma soň nerwe täsir ýetiriji serişdäniň sebäp bolmagynyň anyklanandygyny lukmanlar BBC agentligine aýtdylar.
Ýuliýa Skripal aprel aýynda keselhanadan çykdy, onuň kakasynyň aýaga galmagy üçin ýene birnäçe hepde zerur boldy. Britaniýa we onuň günbatarly ýaranlary olary zäherlemekde Orsýeti aýyplady we onlarça orsýet diplomatyny ýurtdan çykardy. Moskwa bu aýyplamalary ret etdi.
