Ermenistanyň oppozision lideri ýurduň nobatdaky premýer-ministri saýlandy
Bu ses berişlik, häkimiýetdäki Ermenistan Respublika partiýasynyň lideri Wahram Bagdasariýan öz partiýasynyň Paşiniýana 11 ses berjekdigini yglan edenden soň geçirildi. Ermenistan Respublika partiýasynyň we oppozision kanunçykaryjylaryň sesleri netijesinde Paşiniýan premýer-ministr saýlanmak üçin zerur bolan sesler bilen üpjün edildi.
8-nji maýda geçirilen ses berişlikden öň, Paşiniýan Ermenistanyň Orsýetiň liderligindäki Ýewraziýa ykdysady birleşigiň agzasy bolmagy we Moskwa bilen harby hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigini aýtdy.
Şeýle-de, Paşiniýan Birleşen Ştatlar, Ýewropa Bileleşigi, Eýran, Gürjüstan, Hytaý we Hindistan bilen hyzmatdaşlygy “işjeň ösdürmegi” wada berdi.
