Erdogan Siriýada täze operasiýany geçirjekdigini aýdýar
“Türkiýe Ýefrat galkany we Zeýtun şahasy operasiýalaryna goşmaça ýene bir operasiýa geçirer” diýip, Erdogan Stambulda ýygnanan müňlerçe tarapdarlarynyň öňünde çykyş etdi.
Şeýle-de, Erdogan: “Operasiýalar ýekeje-de bir terrorist galmaýança dowam etdiriler” diýip, belledi.
Türkiýe häzir Siriýanyň demirgazygyndaky Afrin sebitinde, özüniň terrorist diýip atlandyrýan, kürt ýaraglylaryna garşy “Zeýtun şahasy” atly operasiýany geçirýär.
Türkiýäniň ilkinji “Ýefrat galkany” atly operasiýasynyň dowamynda Siriýanyň Afrin sebitindäki “Yslam döwleti” ekstremistik toparynyň jeňçileri we kürt söweşijileri nyşana alnypdy. Bu operasiýa 2017-nji ýylyň başynda tamamlandy.
