Orsýet basym Siriýa täze howa goragy sistemasyny eltjekdigini aýdýar
Orsýetiň baş ştabynyň general-polkownigi Sergeý Rudskoý 25-nji aprelde Moskwa Siriýany “basym täze howa goragy sistemasy” bilen üpjün eder diýdi. Emma ol bu ýaraglaryň anyk görnüşini aýtmakdan saklandy.
Şu aralykda rus metbugatynda Moskwanyň öz ýokary hilli S-300 ýer-gök raketa sistemalaryny Siriýa satmagyň pikirini edýändigi barada maglumatlar peýda boldy.
14-nji aprelde Günbatar döwletleriniň Siriýa uran howa zarbasyndan soň Orsýetiň ýokary derejeli resmileri Moskwanyň on ýyl ozal Siriýany S-300 sistemasy bilen üpjün etmezlik barada beren wadasyna gaýtadan seretmeginiň ahmaldygyny aýtdylar.
Günbatar zarbalary Duma şäherine garşy ulanylandygy güman edilýän himiki hüjümlere jogap hökümnde uruldy. 7-njj aprelde gozgalaňçylaryň elindäki Duma şäherinde edilen hüjümde 40-dan gowrak adam öldi.
