Türkmen pasporty 185 ýurduň arasynda geçirilen barlaglarda 123-nji orny aldy
Bu indeks ilkinji gezek 2011-2015-nji ýyllaryň maglumatlary esasynda taýýarlandy.
Dünýä döwletleriniň raýatlygy babatdaky indeks taýýarlanylanda pasportyň ýurt içindäki we daşyndaky agramy nazarda tutulýar. Ýurduň içindäki ýagdaýlara ykdysady şertler, adam kapitalynyň ösüşi, jemgyýetçilik tertibi we durnuklylyk girse, daşarky ýagdaýlara wizasyz gysga wagtlyk sapar edip bolýan ýurtlaryň möçberi, daşary ýurtlarda ýaşamak we işlemek mümkinçilikleri nazara alynýar.
Görkezijiler 185 ýurduň raýatlarynyň ýagdaýlaryny öwrenmek bilen, “iň ýokarydan” “iň pese” çenli aralykda dört kategoriýa boýunça taýýarlandy.
Ilkinji orun bäş ýylyň dowamynda durnukly ýagdaýda Germaniýa, Daniýa, Finlandiýa, Norwegiýa, Şwesiýa, Awstriýa, Irlandiýa, Fransiýa, Niderlandiýa we Belgiýa berildi. Bu ýurtlaryň raýatlary ýokary durmuş derejesiniň hözirini görýärler we hakykatda Ýewropanyň ähli ýerinde erkin ýaşap we işläp bilýärler.
Orsýet Hytaý we Katar bilen bilelikde 60-njy orny aldy, Belarus – 82, Gazagystan – 83, Ukraina – 87, Gürjüstan – 103, Azerbaýjan – 107, Ermenistan – 110, Özbegistan – 111, Täjigistan – 116, Gyrgyzystan – 119, Türkmenistan – 123-nji orny aldy.
Reýtingde iň pes derejeleri Yragyň, Owganystanyň we Somaliniň pasportlary aldy.
