Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Апрель
2018

Türkmen resmileri Gökderedäki köp adam pidaly ýol hadysasy barada dymýar, emma polisiýa tassyklaýar

0
Türkmenistanyň paýtagtynyň eteginde ýolagçy awtobusyň ýol heläkçiligine uçrap, köp sanly adam pidaly hadysanyň ýüze çykanyndan bäri üç gün geçdi, emma ýurduň resmileri we habar beriş serişdeleri bu pajygaly wakany düýpden agzaman gelýärler.


Azatlyk Radiosynyň habarçylary şenbe güni 14-nji aprelde ýerli wagt bilen öýlän sagat bäş töwereginde Çüli jülgesiniň golaýynda awtobusyň ýol heläkçiligine uçramagy zerarly, azyndan 17 adamyň wepat bolandygyny habar beripdi. 


Azatlyk Radiosy 17-nji aprelde Aşgabadyň polisiýa bölümleriniň ençemesine ýüz tutdy, polisiýa wekilleri şenbe güni adam pidaly bu hadysanyň bolandygyny tassykladylar, emma jikme-jik maglumat bermekden ýüz öwürdiler.




Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy ýol gözegçilik polisiýasynyň işgärleriniň awariýanyň esasy sebäplerini awtobusyň çakdan aşa ýüklenen bolmagynda we howa şertleriniň ýaramazlygynda görýändigini ýol hadysasynyň ertesi 15-nji aprelde habar beripdi. Onuň bellemegine görä, gara ýoluň taýgançak bolmagy sebäpli içi ýolagçydan hyryn-dykyn awtobusyň sürüjisi ulaga erk edip bilmän, ýoluny ýitiripdir. Netijede, awtobus agdarylyp, ýoluň gyrasyndaky çukura gaçypdyr.


Aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýew polisiýanyň bu ýol hadysasyny betbagtçylykly waka hökmünde hasaba alyp, jenaýat işini gozgamandygyny Azatlyk Radiosyna aýtdy we häzirki wagtda Gökderä barýan ýoluň açylandygyny habar berdi.


Şenbe günki ýol betbagtçylygynda ýaralanan adamlar barada takyk maglumat bolmady. Şaýatlaryň Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň bermegine görä, ýol hadysasyna uçran ýolagçylaryň ençemesi keselhana eltilipdir. Ýol heläkçiligine uçran awtobusyň diňe oturmak üçin 27 sany orun göz öňünde tutulan "Hunday" kysymly ulag bolandygy aýdylýar. Azatlygyň söhbetdeşleri awtobuslaryň örän seýrek gatnaýandygy sebäpli, oňa adatça örän köp ýolagçynyň münýändigini aýdýarlar.




Aşgabatdan 20 kilometrden gowrak uzaklykda ýerleşýän Çüli jülgesiniň häzirki ady Gökdere. Bu meşhur dynç alyş zolagy Aşgabadyň Arçabil etrabyna degişli. Bu etrapda ýaşaýyş nokatlary 2000-nji ýyllaryň başynda ýumrulyp başlanypdy we ýerli ilat bu ýerden mejbury goçürilipdi. Ýaşaýyş jaýlaryň ýerine bu ýerde pudak edaralarynyň dynç alyş merkezleri guruldy. Şeýle-de, Gökderede ýurduň çagalar üçin niýetlenen dynç alyş merkezleriniň tas ählisi ýerleşýär.


Azatlyk Radiosynyň habarçylary häzirki wagtda Çülä esasan dürli pudaklaryň işgärleriniň, şeýle-de köp bolmadyk syýahatçylaryň hem alpinist toparlaryň gatnaýandygyny aýdýarlar.


Türkmenistanyň häkimiýetleri we habar serişdeleri ýurtda bolýan ýol heläkçilikleri barada habar bermeýärler. Mundan öň 9-njy fewralda Aşgabat-Balkan asfalt ýolunda Türkmenbaşy şäherinden ortaça 80 kilometr uzaklykda ýerleşýän Belek şäherçesiniň golaýynda, mikroawtobus bilen ýeňil awtoulagyň ýol heläkçiligine uçramagy zerarly, azyndan dört adam öldi we başga-da 10-a golaýy ýaralanypdy. Türkmenistanyň resmileri we mediasy bu ýol betbagtçylygy hakynda hem dil ýarmandy.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net