Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Февраль
2018

Türkmenistanda dollar üýtgäp durýan kurs boýunça satyn alynýar, emma satylmaýar

0
Türkmenistanda amerikan dollary şu günki gün esasan satyn alynýar we köplenç satylmaýar. Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň maglumatyna görä, 15-nji fewralda irden bir amerikan dollary “gara bazarda” 13 manat 20 teňňeden satyn alynypdyr.


“Dollar ýurt boýunça 13 manat 20 teňňeden satyn alynýar edil şu gün, satyn aljak adamlara-da berenoklar, sebäbi dollaryň gymmatlaryna garaşýarlar” diýip, aşgabatly habarçymyz habar berdi. 


Günüň dowamynda amerikan dollarynyň "gara bazardaky" nyrhynyň aşaklap, 11 we 11.2 manat aralygyna düşendigini Azatlygyň ýene bir çeşmesi habar berdi.


Şol bir wagtda-da ýurduň demirgazygynda Daşoguz welaýatynyň Özbegistan bilen serhetleşýän käbir etrabynda 15-nji fewralda irden bir amerikan dollarynyň has pes bahadan satylandygyny Azatlygyň daşoguzly çeşmesi habar berdi. Onuň maglumatyna görä, penşenbe güni Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda bir amerikan dollary 6 türkmen manadyna satylypdyr. Bu regionda hem günüň dowamynda daşary ýurt walýutasy satylmandyr.


Şol bir wagtda-da, Türkmenistanda daşary ýurt walýutasynyň resmi derejede kesgitlenen kursy bir amerikan dollary 3.5 manat derejesinde durnukly görnüşde saklanýar. 




Mundan bir gün ozal 14-nji fewralda Daşoguzda amerikan dollarynyň “gara bazardaky” bahasynyň käbir ýerlerde irden 6 manat derejesinde pese düşüp, onuň bahasynyň günüň dowamynda birnäçe gezek üýtgäp günüň aýagynda 10 manata ýetendigi habar berilipdi.


Geçen hepdäniň aýagynda Türkmenistanda bir amerikan dollarynyň “gara bazardaky” bahasy rekord derejesinde galyp, 15 manada ýetipdi.


Türkmenistanda nagt walýuta söwdasy bikanun hasaplanýar. Merkezi Banky walýutanyň nagt görnüşli resmi çalyşygyny 2016-njy ýylda ýatyrdy.


Käbir garaşsyz habar çeşmeleri Türkmenistanda amerikan dollarynyň el söwdasynda hümmetiniň aşaklamagy bilen bir wagtda polisiýanyň walýuta söwdasyny edýän raýatlary tutmak boýunça çäre geçirendigini habar berdiler. “Türkmenistanyň hronikasy” neşri 14-nji fewralda Daşoguzyň polisiýasynyň şäheriň merkezi “Baý bazarynda” walýuta söwdegärlerini tutmak boýunça reýd geçirendigini we onuň netijesinde azyndan 6 adamyň tutulandygyny habar berdi. Maglumatda söwdegärleriň başga bazarlara geçendigi ýa-da özleriniň ygtybarly adamlary bilen işleşýändigi aýdylýar.


Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň sözlerine görä, Aşgabatda biresmi walýuta söwdasyny edýän söwdegärleriň amerikan dollaryny esasan öýlerinde ýa-da belli bir dükanlarda alyp satýarlar.




Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň maliýe häkimiýetleriniň 2015-nji ýyldan bäri üýtgewsiz saklanýan daşary ýurt walýutasynyň resmi kursuny üýtgetmek mümkinçiligine seredýändigi mälim boldy. 13-nji fewralda Türkmenistanyň Merkezi Bankyndaky ygtybarly çeşmäniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, ýurduň maliýe häkimiýetleri daşary ýurt walýutasynyň resmi kursuny galdyrmagyň we ony hakyky bazar kursuna ýakynlaşdyrmagyň mümkinçiligine seredýärler.


Türkmenistanda daşary ýurt walýutasynyň elden satyn alynýan bahasynyň soňky günlerde türkmen manadyna görä gysga wagtlyk arzanlamagynyň we satuwdan aýrylmagynyň häkimiýetleriň resmi kursy üýtgetmeklige degişli habar berilen planlaryna bagly bolup-bolmazlygy hem entek belli däl.


Soňky aýlarda amerikan dollarynyň “gara bazardaky” bahasynyň çürt-kesik ýokarlanmagy bilen bilelikde ýurtda iň zerur harytlaryň ençemesi esli gymmatlady. 


Türkmenistanyň habar beriş serişdeleri dollar  





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net