Türkmen prezidenti üçin täze “Boing” uçarynyň taýýarlanýandygy aýdylýar
ABŞ-nyň uçar öndüriji “Boing” kompaniýasy Türkmenistanyň “Türkmenhowaýollary” kompaniýasyna nobatdaky ýolagçy uçaryny eltmäge taýýarlanýar diýlip, gündogar.org websaýtynda çap edilen maglumatda habar berilýär.
Maglumata görä, uçaryň ilkinji uçuşy 2018-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda amala aşyrylypdyr we oňa EZ-A700 nomeri berlipdir. Bu nomer öň Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň ulanan “Boing-767” kysymly uçaryna berlipdi diýlip, maglumatda bellenýär.
Saparmyrat Nyýzowyň uçary 2008-nji ýylda Belarusa satyldy we ony prezident Aleksandr Lukaşenka ulanýar.