Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Январь
2018

Lebapda, Daşoguzda azyk, dollar gymmatlaýar

0
Türkmenistanyň Lebap welaýatynda azyk önümleri iki-üç esse gymmatlady, munuň bilen birlikde amerikan dollarynyň “gara bazardaky” bahasy 14 manada ýetdi diýip, Azatlyk Radiosynyň lebaply diňleýjileri habar berýärler.


“Bar zat 2-3 esse gymmatlady. Bärde lebapda dollar 14 manada ýetdi. Näme bolýar ýurtda? Çörek öň 1 manat bolan bolsa, indi iki manat, dollar galdy diýip düşündirýärler” diýip, adynyň tutulmagyny islemedik diňleýjimiz 25-nji ýanwarda habar berdi.


Daşoguzly diňleýjimiziň habar bermegine görä, regionda süýt önümleri we mallar üçin iým gymmatlapdyr.


“Daşoguzda mallaryň iými gymmatlaýar, künjaranyň 1 kilosy 2 manat 20 teňňe, kеpеk 1.20 manat, ýönе kеpеk sеýrеk tapdyrýar. Iýmiň gymmatlamagy bilеn süýt wе süýt önümlеri hеm gymmatlady, gеçеn ýylyň şu günlеri 1 litr süýt 3 manatdy, häzir 4-6 manat aralygynda” diýip, Daşoguzyň ýaşaýjysy gürrüň berdi.


Soňky günlerde ýurduň paýtagtynda we welaýatlarynda azyk önümleriniň gymmatlamagy bilen bir wagtda amerikan dollarynyň bahasy galýar. Hususan-da, Aşgabatda “gara bazarda” 12 manada ýetip, soň 10-11 manat aralygyna düşüpdi.


Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky çeşmeleri 26-njy ýanwarda öýlän bir amerikan dollarynyň el söwdasynda 11 we 11.6 manat aralygynda satylandygyny habar berdiler.


Elden satylýan daşary ýurt walýutasynyň häzirki bahasy resmi taýdan kesgitlenen kursdan birnäçe esse ýokary.


Türkmenistanda daşary ýurt walýutasynyň bikanun söwdasy, raýatlaryň daşary ýurt walýutasyny edinmeginiň örän çäkli mümkinçilikleriniň biri bolmagynda galýar.


Türkmenistanyň Merkezi Banky ýurduň milli puly türkmen manadynyň amerikan dollaryna bolan gatnaşygyny üç ýyl bäri üýtgewsiz saklaýar, 2015-nji ýylyň ýanwaryndan bäri bir amerikan dollarynyň resmi çalyşyk kursy 3.5 manat derejesinde galýar.


2016-njy ýylyň başynda nagt pul çalşygy resmi derejede gadagan edildi.


Şondan bäri raýatlaryň nagt walýuta eýe bolmagynyň ýeke-täk ýoly Türkmenistanyň banklarynda açylan hasaplara ýurduň içinde türkmen manadynda pul ýatyryp, ýurduň daşynda plastik kartlar arkaly daşary ýurt walýutalarynda pul çekmeden, şeýle-de nagt bolmadyk tölegleri amala aşyrmakdan ybarat. Türkmenistanyň banklarynyň çykaran plastik kartlarynyň üsti bilen dollar çalşygy Merkezi bankyň kesgitlän resmi kursy boýunça amala aşyrylýar.


2017 ýylyň dowamynda türkmen banklary öz müşderilerine günde walýutada nagtlaşdyrmaga rugsat berlen puluň möçberini ençeme gezek çäklendirip, 1000-den 50 amerikan dollaryna çenli azaltdy. Munuň bilen bilelikde türkmenistanlylar VISA kartlaryndan pul çekmekde kynçylyklara duçar boldular.


Türkmenistanyň milli puly türkmen manady 1993-nji ýylda dolanyşyga girizildi.


2009-njy ýylda denominasiýa çäresi geçirilip, manadyň hümmeti azaldyldy. Merkezi Banky şonda türkmen manadynyň daşary ýurt walýutasy babatynda kesgitlän resmi kursuny 1 amerikan dollaryny - 2.85 manat derejesinde alty ýylyň dowamynda saklady. 2014-nji ýylyň aýagynda dollar söwdasynyň “gara bazary” döredi, amerikan dollary resmi kursdan ýokary bahadan 3 manatdan satylyp başlandy.


Türkmen häkimiýetleri resmileri bikanun walýuta söwdasyna sebäpkärleri awlap başladylar. 2014-nji ýylyň noýabrynda ýurtda dollaryň hümmetiniň ýokarlanmagyna ilteşikde Türkmenistanyň Döwlet Täjirçilik bankynyň orta we kiçi derejeli wezipedäki iki işgäri we ýene birnäçe adam aýyplanyp tussag edildi. 13-nji noýabrda döwlet telewideniýesi jemi 13 adamyň tutulandygyny habar berdi we öz-özlerini ýazgaryp çykyş eden bäş adamy görkezdi.


Türkmenistanyň resmileri ýurda daşary ýurt walýutasynyň resmi bolmadyk söwdasyna, dollaryň bahasyna we ilatyň pul çalşygynda ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklaryna degişli meseleleri agzamaýar. Bu tema ýurduň media serişdelerinde gozgalmaýar.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net