Türkmen DIM-niň başlygy Hyrada sapar etdi, häkim TOPH-yň howpsuzlygyny wada berýär
Hyrat welaýatynyň häkimi Muhammad Asiyf Rahymy sapara gelen türkmen resmisi bilen duşuşykda Aşgabat bilen bilelikde gurulýan desgalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ähli çäräniň görüljekdigini wada berdi diýip, owgan metbugatynyň habarlarynda aýdylýar.
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşit Meredow şu gün, 20-nji ýanwarda günbatar Owganystanyň Hyrat welaýatyna sapar etdi.
Azatlyk radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şaýmerdanguly Myradynyň maglumatyna görä,Meredow Owganystanyň welaýat häkimi Muhammad Asiyf Rahymy bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn gatnaşyklar, hususan-da TOPH, TOP we beýleki proýektler, olary durmuşa geçirmek we howpsuzlyk meseleleri barada maslahatlaşdy.
Welaýat häkimi türkmen ministrine bu taslamalaryň owgan topragyndaky gurluşygyna girişmek dabaralaryna görülýän taýýarlyk hakynda gürrüň berdi we howpsuzlygy üpjün etmek üçin ähli çäräniň görüljekdigini aýtdy.
Owganystanda gelýän aýyň aýagynda TOPH gaz geçiriji proýektiniň owgan böleginiň gurluşygyna başlamak, türkmen tarapynyň bu ýurtda durkuny täzelän demir ýolunyň açylyş dabaralary planlaşdyrylýar.