Berdimuhamedow awtobus heläkçiligi bilen baglanyşykly özbek prezidentine gynanç hatyny iberdi
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe Gazagystanyň Aktobe welaýatynda ýolagçy awtobusynyň heläkçilikli ýanmagy netijesinde, köpsanly özbek raýatlarynyň ölmegi zerarly gynanç hatyny iberdi.
“Ýurduňyzyň köpsanly raýatlarynyň gurban bolandygy baradaky habary çuňňur gynanç we hasrat bilen kabul etdim” diýip, 18-nji ýanwarda Türkmenistanyň döwlet habarlar gullugy Berdimuhamedowyň sözlerini sitirledi.
Şeýle-de, resmi metbugatda türkmen lideri “şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň hem-de hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny bildirdi hem-de ejir çekenlere tiz wagtda sagalmaklaryny dileg etdi” diýilýär.
Ýatlap geçsek, penşenbe güni Gazagystanyň demirgazyk-günbataryndaky Aktobe regionynda awtobusyň ot almagy netijesinde Özbegistanyň azyndan 52 raýaty öldi.
Şonda bu regionyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça departamentiniň başlygy Aktilek Kenes awtobusdaky ýangynda aman galan bäş raýatyň hem özbek raýatdygyny mälim edipdi.