Добавить новость
123ru.net
World News in Turkmen
Декабрь
2017
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27 28 29 30 31

Prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedow saglyk merkezini açdy

0
Türkmenistanyň prezidentiniň ogly Serdar Berdimuhamedow Duşak obasynda keselleriň öňüni almak boýunça ýöriteleşdirilen medisina edarasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.


Aşgabatdan 170 kilometr uzaklykda ýerleşýän bu obada gurlan saglyk edarasynyň açylyş dabarasyna regional resmileri, ýaşulylar, saglyk sistemasynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň we habar serişdeleriniň wekilleri bilen bilelikde gatnaşan Serdar Berdimuhamedow çykyş edip, “jemgyýetçilik saglygy saklaýyşynyň ösüş derejesi ilatyň durmuş hiliniň esasy görkezijisidir” diýdi.


Serdar Berdimuhamedow türkmen parlamenti Mejlisiň kanunçylyk komitetine ýolbaşçylyk edýär.


Türkmenistanyň prezidentiniň oglunyň 27-nji dekabrda Kaka etrabynyň Duşak obasyndaky saglyk merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşmagy bilen baglylykda Ahal welaýatynda uly taýýarlyklaryň görülendigini Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň hökümet edaralarynyň birindäki ygtybarly çeşmesi habar berdi.


“Açylyş dabarasy adaty bir ýagdaý bolsa-da, prezidentiň ogly bolansoň, tutuş Ahal welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň ähli döwlet resmileri aýak üstünde boldy, hemmäniň gürrüňi şol barada. Şeýle dabaralar Berdimuhamedowyň oglunyň abraýyny artdyrmak üçin edilýär. Bu zatlar tiz wagtda oglunyň kakasynyň ornuna geçjekdigi baradaky çaklamalary güýçlendirýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň çeşmesi gürrüň berdi.


Serdar Berdimuhamedow geçen ýylyň aýagynda Türkmenistanyň syýasy durmuşyna gatnaşyp başlapdy. Ol 2016-njy ýylyň noýabrynda Ahal welaýatynyň 24-nji “Duşak” saýlaw okrugyndan deputat saýlanyp, şu ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň başlyklygyna saýlanypdy. Tomus aýlarynda ýurduň daşary syýasatynda has aktiw rol oýnap başlady, hususan-da Orsýetiň ýokary derejeli resmileri bilen birnäçe gepleşikleri alyp bardy.


Oktýabr aýynda Serdar Berdimuhamedowa öz babasy “Mälikguly Berdimuhamedow” adyndaky medal gowşuryldy. Bu baýrak ýurduň harby we kanun goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna berilýär.





Загрузка...


Губернаторы России

Спорт в России и мире

Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса

Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net