Eýranda protestler bilen ilteşikli ýene bir adam dardan asyldy
Eýranda soňky bir hepdäniň içinde hökümete garşy protestler bilen ilteşikli ikinji adam jezalandyrylyp öldürildi.
Majidreza Rahnaward “Hudaýa garşy urşy başlatmakda” günäli tapyldy. Eýranda bu etmiş bilen aýyplanýanlar, adatça, ölüme höküm edilýär.
Maglumata görä, Rahnaward hamana noýabrda ýakasy gaýyşly Basij ýarym-harby howpsuzlyk güýçleriniň iki gullukçysyny pyçak bilen öldüripdir. Ol 12-nji dekabrda dardan asyldy.
Eýranyň rewolýusiýa sudlary aýyplanýanlaryň öz aklawçylaryny saýlap bilmeýändigi, şeýle-de suda çekilenleriň öz iş bilen bagly dellileri görüp bilmeýändigi üçin halkara jemgyýetçiligi tarapyndan tankytlanýar.
8-nji dekabrda hökümete garşy protestler bilen ilteşikli ilkinji adam jezalandyrylyp öldürilipdi. Ýokary sud Moşen Şekariniň şikaýatyny ret edenden soň, ol dardan asyldy.
Aktiwistler azyndan ona golaý adamyň, ýapyk gapylaryň aňyrsynda, ölüme höküm edilendigini aýdýarlar.