Мы в Telegram
Добавить новость
123ru.net
Azathabar.com
Ноябрь
2022

Ýaş maşgalalara niýetlenen bank karzlaryny almak üçin ençeme resminama talap edilýär

0

Türkmenistanda isleg bildirýän ýaş maşgalalar üçin 20 müň manat möçberinde bank karzlarynyň yglan edilmeginiň yz ýany, bu ýeňillikden peýdalanmakçy bolýan raýatlar bank karzlaryny almak üçin talap edilýän şertleriň kyndygyny aýdýarlar. Şol bir wagtda, Azatlyk Radiosynyň habarçylary paýtagt Aşgabatda we welaýatlarda türkmen däp-dessurlaryna laýyklykda guramalaşdyrylýan durmuş toýlarynyň çykdajylarynyň aşa ýokary bolmagynda galýandygyny habar berýärler.

Türkmenistanyň prezidenti sentýabrda ýaş maşgalalara niýetlenen ýeňillikli bank karzlarynyň möçberini 20 müň manada çenli artdyrmak barada karara gol çekdi. Munuň yz ýany, türkmen metbugaty noýabryň başynda bu karzlaryň berlip başlanandygyny habar berdi.

Şeýlelikde, täze üýtgetmelere laýyklykda, Türkmenistanda durmuş guran ýaş maşgalalar zamunlyk esasynda 3 ýyl möhlet bilen ýyllyk 1%-li 20 müň manada çenli karz pul şerişdesinden peýdalanyp bilýärler. Mundan öň bu karzyň möçberi 6 müň manatdy.

Ýaş çatynjalara niýetlenen bank karzlarynyň köpeldilmegi baradaky habarlar, hususan-da, şu günler durmuş toýuna taýýarlyk görýän köp sanly ýaşlary begendirdi. Ýöne pul serişdesini almak üçin banklaryň talap edýän şertleri ýaşlaryň lapyny keç etdi.

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan toý taýýarlygyndaky ýaşlar banklaryň talap edýän resminamalary barada maglumat berdiler.

Birinjilik bilen, bank karzyna ýüz tutýan raýat hökmany suratda aýlykly bolmaly. Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan bir türkmenabatly ýaşaýjy bank karzyny almak üçin raýatyň zähmet hakynyň möçberiniň azyndan 1800 manat bolmalydygyny aýdýar. Şeýle-de, karz sorap, ýerli banklara baran ýaş çatynjalar degişli krediti almak üçin azyndan iki ýyl iş tejribesiniň talap edilýändigini aýdýarlar. Şol bir wagtda, raýatyň zähmet depderçesiniň göçürmesi, ýaş çatynjalaryň nika şahadatnamasy, galyberse-de, iki zamun durujynyň pasport göçürmeleri, olaryň işleýändikleri barada we zähmet haklary barada kepilnama, zähmet depderçeleriniň göçürmeleri we başga-da birnäçe resminama talap edilýär.

Hökümetçi türkmen neşirleri hem talap edilýän resminamalaryň sanawyny çap etdi. Zerur bolan ähli resminamalary goşanyňda karz alyjydan, onuň ýan ýoldaşyndan hem-de iki zamun durujydan jemi on ýedi sany dokument talap edilýär.

Gysgaça aýdylanda, ýaş maşgalalara niýetlenen bank karzyny almak üçin şu aşakdaky resminamalar talap edilýär:

Arza;

Karz alyjynyň we onuň ýan ýoldaşynyň pasport göçürmeleri;

Nika şahadatnamasynyň göçürmesi;

Iş ýerinden kepilnama (işleýändigi we aýlyk haky baradaky);

Karz alyjynyň soňky 12 aý zähmet haky boýunça kepilnama (aýma-aý görnüşinde);

Zähmet depderçesiniň göçürmesi (möhür bilen tassyklanan görnüşinde);

Karz alyjynyň we onuň ýan ýoldaşynyň 16 ýaşyndan şu güne çenli nikadan geçmändigi barada güwänama;

Iki zamun durujynyň pasport göçürmesi:

iş ýerlerinden kepilnama (işleýändigi we aýlyk haky baradaky),

soňky 12 aý zähmet haky boýunça kepilnama,

zähmet depderçesiniň göçürmesi (möhür bilen tassyklanan görnüşinde).

“Bu karzy 35 ýaşa ýetmedik we nikasy 2011-nji ýylyň 3-nji sentýabryndan öň hasaba alynmadyk ýaş maşgalalar alyp biler” diýip, “Biznes Türkmenistan” neşiri ýazýar.

Ýeňillikli karzlar Türkmenistanda durmuş guran ýaş maşgalalara zerur bolan öý goşlaryny, hojalyk harytlaryny, täze ýaşaýyş jaýlaryny hem-de gozgalmaýan emläkleri satyn almaklary üçin karzlary bermegiň tertibine girizilen üýtgetmeleriň yz ýany berlip başlandy.

Bu aralykda, Azatlyk Radiosynyň habarçysy ilat arasynda toý harajatlarynyň ýokary bolmagynda galýandygyny habar berýär.

“Häzirki wagtda Lebap welaýatynda ortaça toý üçin 100-150 müň aralygynda harajat çykarmaly bolýar. Aşgabatda toý çykdajylary 200 müň manatdan geçýär” diýip, habarçynyň söhbetdeşleri aýdýar.

Türkmenleriň arasynda durmuşa çykýan gyzyň maşgalasyna galyň tölemek däbi saklanyp galýar. Gyzyň maşgalasyna tölenýän galyň tölegi ilat arasynda “süýt haky” atlandyrylýan tölegleri hem öz içine alýar.

“Ýene-de bir möhüm ýagdaý: eger-de durmuşa çykýan gyz ýokary bilimli, diplomly bolsa, onda galyň, süýt haky tölegi Lebap welaýatynda 50 müň manada çenli çykýar. Mary, Aşgabat taraplarda has ýokary, gyzyň ene-atasyna 50-70 müň aralygynda galyň tölenýär” diýip, lebaply ýaşaýjylar Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Собянин поздравил всех социальных работников с профессиональным праздником


Спорт в России и мире
Москва

В Москве 14-летний мальчик ранил ножом 16-летнего юношу на футбольном поле


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
Янник Синнер

«Янника Синнера очень рано сравнивать с Роджером Федерером» // Тренер мужской сборной России по теннису Игорь Куницын — о главных событиях Roland Garros


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

Летние переключения тепловых нагрузок в Москве позволят сократить выбросы парниковых газов на 250 тысяч тонн





Путин в России и мире
Москва

Путин: Москва оставляет за собой право поставок вооружения партнерам


Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире

Навальный в России и мире
Москва

Гражданку Кыргызстана арестовали по обвинению в угрозах судье и прокурору, отправившим за решетку Навального



Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Надежда Бабкина

Надежда Бабкина приедет в Ярославль



Москва

Детский сад в микрорайоне Юбилейный в Талдомском округе откроют в сентябре

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net