Мы в Telegram
Добавить новость
123ru.net
Azathabar.com
Ноябрь
2022

Marynyň polisiýasy döwlet belgisiniň öňi onluk san bilen başlanýan ulaglary 'awlaýar'

0
Marynyň polisiýasy döwlet belgisiniň öňi onluk san bilen başlanýan ulaglary 'awlaýar'

Mary welaýatynda Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) işgärleri raýatlaryň şahsy awtoulaglarynyň daşky keşbine gözegçiligi ýene güýçlendirdiler. Şu günler ýol polisiýasy döwlet belgisiniň öňi onluk san bilen başlanýan ýa-da islendik böleginde gara reňkdäki detallary bolan ulaglary "awlaýar". Raýatlar bu çäreleri häkimiýetleriň ilaty "talamagynyň ýene bir usuly" häsiýetlendirýärler.

"Maryda ýol polisiýasy reýd geçirýär. Polisiýa işgärleri gara reňkdäki detallary bolan ýa-da döwlet belgisiniň öňi onluk, ýagny 10, 20, 30, 40 tä 90-a çenli san bilen başlanýan ulaglary dessine polisiýanyň duralgasyna alyp gidýärler. Olar 2010-njy ýyldan soň öndürilen ulaglara bu döwlet belgilerini dakmagyň gadagandygyny aýdýarlar. Şeýle-de, polisiýa işgärleri ulaglarda zawoddan çykarylanda goýlan gara plastik detallar we tutawaçlar bolsa, olaryň sökülmegini ýa-da ak reňke boýamagy talap edýärler" diýip, efirde atlandyrylmasyzlygyny soran ýagdaýdan habarly ulag eýesi aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysynyň 22-nji noýabrda beren maglumatlaryna görä, ýol polisiýasy bu gadagançylyklary resmi derejede tassyklaýan karary ulag eýelerine görkezmeýärler. Şeýle-de, olar raýatlaryň şahsy ulaglaryna öňi onluk san bilen başlanýan döwlet belgilerini dakmaga näme üçin gadagançylyk girizilendigini hem düşündirmeýärler.

Polisiýa duralgasyna ýerleşdirilen ulaglaryň eýelerine awtoulagyň gara detallaryny we döwlet belgisini çalyşmak üçin zerur bolan resminamalar dessine berilmeýär.

"Polisiýa işgärleri ulag eýelerinden aç-açan 1000 manat para soraýarlar. Eger-de 'pulum ýok' diýseň, onda olar ulagyň 10 gün jerime duralgasynda saklanjakdygyny aýdýarlar. Şeýlelikde, ulag eýesi 10 gün garaşyp, soňra ulagyň gara detallaryny ýa döwlet belgisini çalyşmaly bolýar. Bu bolsa, kireý edýän ulag eýeleriniň azyndan 10-15 gün gazançsyz galjakdygyny aňladýar. Netijede, polisiýa işgärleri adamlary ulaglaryny çykarmak üçin para bermäge mejbur edýärler" diýip, sürüji belledi.

Sürüjiler muny ilatdan pul çürkemegiň nobatdaky tapgyry atlandyryp, ulagyň gara detallaryny ak reňke boýamak üçin azyndan 200-300 manat, döwlet belgisini çalyşmak üçin-de azyndan 100 manat sarp edilýändigini aýdýarlar.

"Meniňki ýaly ýüzlerçe awtoulag bar. Öňi onluk bilen başlanýan ulagyň näme zyýany bar?! Ilki paýladylar, indi yzyna bermeli we başga nomer üçin täzeden kassa pul tölemeli. Üstesine-de, bu işleri amal etmek üçin uzak günüňi nobatlarda durup geçirmeli bolýar" diýip, maryly sürüji aýtdy.

Azatlyk ýokarda aýdylanlar barada sebitdäki Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugyndan goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.

Häkimiýetler şu aýyň başyndan bäri raýatlaryň şahsy awtoulaglaryna gözegçiligi güýçlendirdiler. 18-nji noýabrda Aşgabatdaky habarçylarymyz PÝGG-niň Awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş edarasynyň 2001-nji ýyldan öň öndürilen ýeňil awtoulaglaryň “tehniki guratlyk gözegçiliginden geçirilmegine” rugsat bermeýändigini habar berdi.

Şu aýyň birinji ongünlüginde Mary we Baýramaly şäherlerinde polisiýa işgärleri daşky görnüşi hapa ulaglara jerime ýazmak ýa-da sürüjilerden para almak çärelerini güýçlendirdiler.

Soňky 10 ýyla golaý wagtyň dowamynda türkmen häkimiýetleri raýatlaryň şahsy ulaglarynyň daşky keşbi, öndürilen senesi, ýurda goýberilýän awtoulag brendleri bilen bagly çäklendirmeleriň ençemesini güýje girizdiler. Bu çäklendirmeleriň käbiri dilden, käbiri-de resmi karar esasynda ýola goýuldy.

Mundan ozal, has takygy 2018-nji ýylda Azatlyk ýurduň dürli künjeginde häkimiýetleriň döwlet belgisiniň başy 7-lik we 77-lik ýaly sanlar bilen başlanýan ulaglary ýygnaýandygyny, awtoulag eýelerinden olary çalyşmagy talap edýändigini habar beripdi.

Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi ýa-da Döwlet gümrük gullugy raýatlaryň şahsy ulaglaryna degişli gadagançylyklar barada resmi beýanat bilen çykyş etmeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.






Загрузка...


Губернаторы России
Москва

Собянин: Благодаря модернизации театры Москвы создают уникальные декорации


Спорт в России и мире
Москва

Более 1 тыс человек стали участниками циркового шествия на выставке «Россия»


Загрузка...

Все новости спорта сегодня


Новости тенниса
Андрей Ольховский

Экс-теннисист Ольховский: российские теннисисты выступили ниже ожиданий


Загрузка...


123ru.net – это самые свежие новости из регионов и со всего мира в прямом эфире 24 часа в сутки 7 дней в неделю на всех языках мира без цензуры и предвзятости редактора. Не новости делают нас, а мы – делаем новости. Наши новости опубликованы живыми людьми в формате онлайн. Вы всегда можете добавить свои новости сиюминутно – здесь и прочитать их тут же и – сейчас в России, в Украине и в мире по темам в режиме 24/7 ежесекундно. А теперь ещё - регионы, Крым, Москва и Россия.


Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире
Москва

В Москве проходит акция по безопасному использованию СИМ





Путин в России и мире
Москва

«Всуе не упоминать!»: Путин на ПМЭФ остудил ядерные фантазии и вспомнил Сталина


Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.





Зеленский в Украине и мире

Навальный в России и мире
Москва

Гражданку Кыргызстана арестовали по обвинению в угрозах судье и прокурору, отправившим за решетку Навального



Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...



Андрей Макаревич

«Абсолютно все равно»: Богомолов рассказал об отношении к Макаревичу*



Москва

Суд в Москве арестовал замглавы Тюменской области по делу о получении взятки

Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net