Şawkat Mirziýoýew dünýäniň iň täsirli musulmanlarynyň sanawyna girdi
Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew "2023-nji ýylda dünýäniň iň täsirli 500 musulmany" diýlip atlandyrylan sanawa girdi.
Bu reýting 2009-njy ýyldan bäri, Ammandaky Patyşalyk Yslam strategiki barlag merkezi tarapyndan neşir edilýär we onda dünýäniň syýasatda, sportda, ylymda we medeniýetde öňe saýlanan iň görnükli musulmanlary görkezilýär.
Neşiriň bellemgine görä, Özbegistanyň prezidenti, howpsuzlyk gulluklarynyň ygtyýarlyklaryny çäklendirmek, daşary söwdany we maýa goýumlaryny höweslendirmek hem-de has uly syýasy erkinlik bermek bilen, ýuwaş-ýuwaşdan özgertme geçirýär.
"2023-nji ýylda dünýäniň iň täsirli 500 musulmany" sanawyna Merkezi Aziýa ýurtlaryndan Gazagystanyň prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew hem girýär.